Stambulyň Şazada adalaryna syýahat
26.10.2024 | 08:55 |Stambulyň gizlin gymmatlyklaryndan biri bolan Şazada adalarynda oktýabr aýynda geçirilýän çäreler köpöwüşginli baýramçylyk ruhuny wada berýär. Güýz paslynda yssy ýatyşýar, ýöne howa güneşli günler bilen hoşlaşmaýar. Şeýle ajaýyp tyllaýy güýz paslynda, Stambul şäheriniñ adalarynyñ tebigy gözelligi we medeni mirasy ruhyñy galkyndyrýar.
Adalar zolagy
Şazada adalary - öz adyny dinastiýa agzalarynyñ bu ýere sürgüne iberilen Gündogar Rim döwründen alyp gaýdýar. Häzirki wagtda bu adalar toplumy, özüniñ kaşañ köşkleri şeýle hem haýran galdyrýan ybadathanalary bilen ajaýyp landşafty emele getirýär. Olary synlanyñda şäheriñ köp medeniýetli jemgyýeti we binagärlik keşbi bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýarsyñ. Mundan başga-da, adalaryñ ýerleşýän ýerinde ulagsyz köçelerdäki şäher häkimliginiň elektrikli jemgyýetçilik ulaglary ýerli ýaşaýjylarda we jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredýär. Adalar zolagy – dokuz sany owadan adalardan ybarat boup durýar. Şeýle-de bolsa, Büýükada, Heýbeliada, Burgazada we Kynalyada iň gelim-gidimlileri hasaplanýar. Şäheriň isle Aziýa tarapyndan, isle-de Ýewropa tarapyndan bolsun-tapawudy ýok, ýolagçy parom gämilerde adalara gezelenje çykyp Bosforyň gözelliklerini höwes bilen synlap bilersiñiz. Soňra Marmara deňziniň ortasyndaky bu gözel künjek bilen ýakyndan tanyşmak üçin welosipedli gezelenje çykyp, adalar toplumynyñ jadylaýjy köçelerine seýran edip bilersiñiz. Onuñ gözelden-gözel köşki-eýwanlary, binalary, bagy-bossanlyklary we deňizýaka şäheriň gözellikleri ýatda galyjylygy, täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, kenarýaka restoranlarynda taýýarlanýan ýerli tagamlardan, şol sanda möwsümleýin täze balyklaryndan we işdäaçarlaryndan lezzet alyp bilersiñiz.
Büýükada - arhipelagyñ iň uly adasy
Türk dilinde “uly ada” diýmegi aňladýan Büýükada, Şazada adalarynyň iň ulusydyr. Paromdan düşeniňizde adanyň ajaýyp sagat minarasy sizi garşylaýar. Bu ýerde kärendesine welosiped alyp seteran bolup duran köşklere we bugenwilliýa gülleriñ ysy bilen bark urýan köçelere gezelenje çykyp bilersiñiz. Şeýle hem Büýükadanyñ iň beýik depesi bolan Ýüje depede ýerleşýän Aýa Ýorgi buthanasyndan günüň ýaşyşyny synlanyñda göwnüñ galkynýar. Şazada adalar muzeýi, türk ýazyjysy Reşat Nuri Güntekiniň rezidensiýasy we adanyň ýangyn diňi bolan Adakule onuñ beýleki gözel ýerleri arasynda ýer alýar. Mundan başga-da, desgalarda geçirilen durkuny täzelemek işleriñ netijesinde köp taryhy binalar häzirki wagtda medeni çäreleriñ geçirilýän ýeri bolup hyzmat edýär.
Heýbeliada- bagy-bossan
Göwrümi boýunça Stambulyñ ıkinji uly adasy bolan Heýbeliada, eýer torbasyna meňzeýänligi sebäpli ol şeýle atlandyrylýar. Gök begrese bürenen bu ada, Stambulda parahatçylykda we ylalaşykda ýaşaýan dürli jemgyýetleriň görnükli nusgalaryndan biridir. Hut şonuň üçin hem Aýa Ýorgi Cliff monastyry, Bet Ýaakow ybadathanasy we Aýa Nikola buthanasy adada hökmany suratda görülmeli desgalaryñ hatarynda ýer alýar. Heýbeliada Stambulyň ýaşaýjylary üçin eýýäm köpden bäri gür saýaly baglaryň kölegesinde süýji hyýallara çümmek, dost-ýarlary bilen taryhy ýerlerde demini dürsemek ısleýänleriñ, doñdurmalardan şeýle hem balykdan taýýarlanýan meşhur işdäaçarlardan lezzet alyp, gözelligine bendi edýän desgalary synlamana gelýänleriñ ýerine öwrüldi. Adanyň tebigatyna aralaşmak üçin iň gowy ýer - Degirmenburnu tebigat seýilgähidir.
Burgazada- arhipelagyň iñ ümsüm oazisi
Şazada adalarynyň üçünji uly adasy bolan Burgazada, adalar toparynyñ iň asuda adasy hökmünde bilinýär. Özboluşly köşki-eýwanlara we ybadathanalara eýe bolan bu adanyñ beýleki adalardan tapawutlylykda diňe bir ýeke depesi bardyr. Baýrak depesindäki Hristos monastyrynyň galyndylary adadaky ilkinji duralgadyr. Yzysüre türk edebiýatynyň görnükli şahsyýetlerinden biri bolan Sait Faik Abasyýanygyň muzeýe öwrülen öýi, Aýa Ýani buthanasy we Aýa Ýorgi Garibi monastyry size garşy alar. Kynalyada - ıň ýakyn gyrmyzy ada
Stambula iň ýakyn ada bolan Kynalyadanyñ ady, türk dilinde «hyna» diýmegi aňladýan kyna sözünden we özüniñ gyzyl topragyndan gelip çykypdyr. Bu yerde «Surp Krikor Lusavoric Church» ýaly gözel ýerlere, şeýle hem özüne çekiji kiçijik kitap dükanlary, garbanyşhanalary, ýerli konditer we sowgatlyk önümleri satýan dükanlara baryp bilersiñiz.
ORIENT news