Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit himiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy

12.10.2024 | 08:30 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit himiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy

11-nji oktýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit himiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri suwdan arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak üçin “Türkmennenit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürleri Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginden nah ýüplükleri satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 1 821 600 manada we 1 261 500 amerikan dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchangegov.tm

Şeýle hem okaň: