Iň täze habarlar

Aşgabatda häzirkizaman lukmançylyk merkezleri açyldy: saglygy goraýyşyň geljegine ädim

10.10.2024 | 12:30 |
 Aşgabatda häzirkizaman lukmançylyk merkezleri açyldy: saglygy goraýyşyň geljegine ädim

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp Türkmensitanda täze saglygy goraýyş desgalary açyldy. Olardan esasylarynyň arasynda 9-njy oktýabrda açylan – 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi bar. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde hem iri desgalary ulanmaga berildi: Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga, lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Paýtagda we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurulýar.

Täze Arkadag şäherinde döredilen “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artmagynda uly ähmiýete eýedir. 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi we bu ynsanperwer işi geljekde hem dowam etdireris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Bu merkez şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ugra ýöriteleşen, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde-de şeýle görnüşli ilkinji lukmançylyk edarasydyr. Bu merkez robotlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyrlan bolup adam bedeniniň hereketini ýokary netijeli ýagdaýda dikeltmäge mümkinçilik berýär.

Merkeziň düzümine çagalaryň we ulularyň saglygyny dikeltmek üçin niýetlenen dürli bölümleriň 20-den gowrak: maslahat beriş we anyklaýyş; kinezoterapiýa we gidroterapiýa; fizioterapiýa; sagaldyş-dikeldiş; newrologiýa; ortopediýa ýaly bölümler girýär. Şeýle hem bu ýerde abilitasiýa; pediatriýa; kardiologiýa; iç keselleri; somnologiýa we sport reabilitasiýasy; kardioreabilitasiýa; iç keselleriniň reabilitasiýasy; giperbariki oksigenirleme; newrologiýa reabilitasiýasy; ortopediki reabilitasiýa bölümleri işleýär.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini halkara güwänamalaryna, hususan-da, “Dr.Mellinghoff Consulting” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasyny, “ECRI” guramasynyň dünýä derejesindäki lukmançylyk tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasyny, “Marienhospital Gelsenkirсhen/MHG” hassahanasynyň iň gowy halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hökmünde güwänamasyny we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde iki sany güwänamasyny gowşurdylar.

10102024-v-ashhabade-otkrylis-unikalnye-medicinskie-centry (2).jpg

Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem paýtagtyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze merkez dolandyryş bölüminden, ylmy-barlag merkezinden, ylmy-kliniki bölümlerden, kömekçi bölümlerden, hojalyk-tehniki we hyzmat ediş gullugyndan ybaratdyr. Merkez ösen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan elektron resminama dolanyşyk ulgamy bilen üpjün edilen.

10102024-v-ashhabade-otkrylis-unikalnye-medicinskie-centry (3).jpg

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine halkara güwänamalary — “Dr.Mellinghoff Consulting” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasyny, “ECRI” guramasynyň dünýä derejesindäki lukmançylyk tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasyny, “Marienhospital Gelsenkirсhen-MHG” hassahanasynyň iň gowy Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hökmünde güwänamasyny we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde ýokary hil we kämilligi üçin iki sany güwänamasyny gowşurdylar.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: