Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
10.10.2024 | 17:25 |Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ilki bilen döwlet Baştutanlary ikiçäk gepleşikleri geçirdiler we onda ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljek üçin uzak möhletli meýilnamalaryň ýerine ýetirilişiniň çäginde türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň meselelesiniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan bilen Gazagystany diňe bir geografik taýdan ýerleşiş däl, eýsem, taryhy ykballarynyň aýrylmazlygy baradaky düşünjeler hem birleşdirýär. Biz bu umumy gymmatlyklaryň gadyryny bilýäris, ýokary ahlak kadalary baradaky garaýyşlarymyzyň esasyny düzýän däplere aýawly garaýarys hem-de olary hormatlaýarys. Özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesi biziň ýurtlarymyza geljek üçin öz gatnaşyklaryny ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryny ylalaşmaga mümkinçilik berýär, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny düzmäge şert döredýär diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Gazagystan söwda-ykdysady gatnaşyklarynda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine, Hökümet hem-de dolandyryş edaralary boýunça toplanan tejribä ýokary baha berdi.
Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin şertleriň köpdügi aýdyldy. Türkmenistan şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we giňeltmegi zerur hasaplaýar. Umumy işde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gazagystanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdelerini ibermegi we üstaşyr geçirmegi düýpli artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Ulag-logistika hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçiliklerinden ugur alýar. Bu ýerde, biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy yklymüsti geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýar.
Türkmenistanyň Prezidenti biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlarynyň arasynda obasenagat toplumyna, himiýa senagatyna, maşyn gurluşygyna, dokma önümçiligine we beýleki birnäçe pudaklara ünsi çekdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem, türkmen-gazak serhetýaka söwda zolaklaryny döretmegiň hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şol sanda oba hojalyk we durmuş tehnikalaryny, azyk harytlaryny, gurluşyk serişdelerini, şonuň ýaly-da, nebit himiýasynyň önümlerini özara ibermegi giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
“Akorda” metbugat gullugynyň habaryna görä, Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň takmynan 120 million dollar töweregi 80 görnüşli önüminiň Türkmenistana eksporty giňeltmäge taýýardygyny we iki ýurduň iri täjirçilik we milli kompaniýalarynyň wekilleriniň senagat, gurluşyk, logistika ugurlaryna gönükdirilen iş ýüzündäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Giňeldilen düzündäki gepleşikler gutaransoň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
ORIENT news