Özbegistanda donor plazmasyny ýygnamak boýunça Merkezi Aziýanyň ilkinji merkezi açyldy
08.10.2024 | 15:30 |Daşkentde donor plazmasyny ýygnamak boýunça “Feruza” atly Merkezi Aziýanyň ilkinji merkezi açyldy.
Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda döredilen bu Merkez degişli önümleriň taýýarlanylyşy üçin plazmanyň farmasewtiki çig-mal hökmünde taýýarlamak üçin niýetlenendir. Plazma merkezinde GMP ulgamy ornaşdyrylyp, ol derman serişdeleriniň öndürilmeginiň hil standartlaryny kesgitleýär. Onuň işleýişi üçin daşary ýurtly ýokary tehnologiýa enjamlary we çykdajy materiallary satyn alynyp, onuň hünärmenleri bolsa Çehiýada okuwlary geçdiler. Mundan başga-da, GMP standartlar boýunça wengriýaly hünärmenler çagyryldy.
Merkeze lukmançylyk işi baradaky şahadatnama, GMP şahadatnamasy we albumin, immunoglobulin ýaly gan serişdelerini we gan koagulýasiýa faktorlaryny öndürmäge rugsat berýän ygtyýarnama berildi.
Merkeziň açylmagy 2022-nji ýylyň noýabrynda “Tashkent Pharma Park” klasteri bilen baglaşylan maýa goýum ylalaşygyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.
Ýylyň ahyryna çenli Daşkentde plazmany ýygnamak boýunça ýene 3 merkeziň, welaýatlarda bolsa 20-den gowrak merkezleriň açylmagy göz öňünde tutulýar.
ORIENT news