Akmaljon Kuçkarow Türkmenistanda Özbegistanyñ ilçisi hökmünde öz işini tamamlaýar
14.09.2024 | 21:00 |14-nji sentýabr, şenbe güni Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda öz diplomatik wezipesini tamamlaýan Özbegistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşyk geçirdi.
"Söhbetdeşligiñ dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyñ häzirki ýagdaý meseleleri we geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy" - diýlip, DIM-niñ berýän habarynda bellenilýär.
Daşary işler ministri türkmen-özbek gatnaşyklarynyñ pugtalandyrylmagyna goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlygyny bildirip, oña geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Akmalžon Kuçkarow onuñ Türkmenistanda diplomatik wezipesini ýerine ýetirmekde beren goldawy we hemaýaty üçin türkmen tarapyna öz minnetdarlygyny bildirdi.
ORIENT news