Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Çarşenbe güni, 31-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “Türkmennebit” DK önümleri ýokary islege eýe boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler topary “Türkmennebit” Döwlet Konserninden “KO-20” kysymly yşyklandyryjy kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewürler topary “Türkmennebit” Döwlet Konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 800 000 manada, 1 068 500 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news
