Geçen hepde TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda 27 sany geleşik hasaba alyndy
22.07.2024 | 12:45 |Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşykda 27 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýe we Owganystan döwletiniň telekeçileri karbamid (“Türkmenhimiýa” DK) we uçar kesorinini (“Türkmennebit” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan gelen işewürler dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri kültem görnüşli pamygy, nah ýüplükleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkmenistanly işewürler içerki bazara zerur bolan polipropileni («Türkmennebit» DK), düz float aýnasyny we elde dokalan halysyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 12 million 337 müň manada deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news