Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Şişenbe güni, 16-njy iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda «TPP D 30 S» kysymly polipropilen hem-de ýeňil senagtyň önümi satyldy.
Türkmen telekeçileri «Türkmennebit» Döwlet Konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Azerbeýjan döwletiniň işewürler topary türkmen telekeçilerinden dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 000 000,00 manada hem-de 53 801,19 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
