Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi: Esasy sözlerde Hytaýa garaýyş (24-nji sany)
09.07.2024 | 01:22 |1-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Hytaý tarapyndan öňe sürlen emeli aňyň kuwwatyny artdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan we 140-dan gowrak ýurt bilelikde bu Kararnama gol çekdi.
Emeli aňyň kuwwatyny artdyrmak meselerine bagyşlanan Kararnama ähli ýurtlara, esasanam ösýän ýurtlara emeli aňyň ösüşinden deň bähbit almaga, sanly bölünişigi ýeňip geçmäge, emeli aň ulgamynyň ählumumy dolandyrylyşyny gowulandyrmaga kömek etmek hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlaşdyrmak maksady bilen, degişli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça birnäçe möhüm amaly çäreleri öňe sürýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde men bu baradaky maglumatlary Türkmenistanyň gadyrly dostlaryna hödürlemäge taýyn.
Esasy söz 1: Emeli aňy dolandyrmak boýunça ählumumy başlangyç bilen gabat gelýär
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda HHR-niň Baştutany Si Szinpin eemli aňy ösdürmegiň we dolandyrmagyň ugurlaryny görkezýän Emeli aňy dolandyrmak boýunça ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Bu Kararnama emeli aňyň kuwwatyny artdyrak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hakynda BMG-niň ilkinji Kararnamasy hökmünde emeli aňyň ösüşiniň adamyň bähbidine we peýdasyna adamzada, aň taýdan ösüşe gönükdirilmek ýörelgesine eýermelidigini nygtaýar, bu bolsa Emeli aňy dolandyrmak boýunça ählumumy başlangyjyň we Ösüş boýunça ählumumy başlangyjyň düýp manysyny doly açyp görkezýär, BMG-niň çäklerinde adamzat üçin umumy geljegi bolan jemgyýet konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm tejribe bolup durýar, şeýle-de Hytaýyň jogapkärli çemeleşmesini, emeli aňy ösdürmekde we dolandyrmakda öňdebaryjy ornuny görkezýär.
Esasy söz 2: ösýän ýurtlaryň meýillerini beýan edýär
Kararnamada ýurtlara, esasanam ösýän ýurtlara emeli aň ulgamynda mümkinçiliklerini artdyrmaga, emeli aňyň ählumumy dolandyryşynda wekilçiligini we sesini güýçlendirmek, açyk, adalatly we kemsitmesiz iş gurşawyny goramaga kömek etmek üçin halkara hyzmatdaşlygyna we amaly çäreleri ýerine ýetirmäge çagyryş beýan edilýär.
Kararnamanyň awtory hökmünde Hytaý dürli pikirleri we teklipleri göz öňünde tutup, ähli taraplaryň arasyndaky düşünişmezlikleri ýeňip geçmäge çalyşmak bilen, Kararnama boýunça geňeşmeleriň dowamynda köpugurly hyzmatdaşlyk, aç-açanlyk we hemmetaraplaýynlyk ýörelgelerine eýerdi, bu bolsa agza döwletler tarapyndan doly tassyklanyldy. Kararnamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiliginiň, esasanam ösýän ýurtlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga we emeli aňyň ählumumy dolandyryşyna işjeň gatnaşmaga berk ygrarlydygyny görkezýär.
Esasy söz 3: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermek
Kararnama BMG-niň halkara hyzmatdaşlygyndaky esasy ornuny goldaýar we emeli aňyň inklýuziw, peýdaly we durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ösýän ýurtlara halkara hyzmatdaşlygy we amaly çäreler arkaly mümkinçiliklerini artdyrmakda netijeli kömek bermäge çagyrýar. Hytaý bu pursatdan peýdalanyp, halkara jemgyýetçiligi bilen alyşmalary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaklyga, Kararnamanyň talabalaýyk durmuşa geçirilmegine we degişli ýurtlara BMG-niň çäklerinde öz mümkinçiliklerini artdyrmaga, şonuň esasynda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we adamzadyň umumy ykbally jemgyýetini bilelikde gurmaga ýardam bermeklige taýýardyr.
Sýan Naýçen HHR-niň Türkmenistandaky Ilçisi