Ady rowaýata öwrülen grossmeýster Wasiliý Iwançuk Türkmenistanyň küşt boýunça ýygyndy toparyna tälim berýär
08.07.2024 | 23:39 |Sentýabr aýynda Wengriýada geçiriljek 45-nji Bütindünýä küşt olimpiýadasyna taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndysy Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşigini geçýärler. 1-nji iýuldan 12-nji iýul aralygynda dowam etjek okuw-türgenleşigine halkara grossmeýster Wasiliý Iwançuk ýolbaşçylyk edýär. Ol küşt oýnunyň rapid (2016) we blis (2007) görnüşi boýunça dünýä çempiony, dört gezek küşt olimpiýadasynda ýeňiji boldy, ýagny iki gezek SSSR toparynyň düzüminde (1988, 1990) we iki gezek Ukrainanyň milli ýygyndysynyň düzüminde (2004, 2010) çempion boldy, 2001-2002-nji ýyllar aralygyndaky FIDE dünýä çempionatynyň finalyna çykdy we üç gezek dünýä reýtinginde ikinji orny eýeledi (1991-nji ýylyň iýuly, 1992-nji ýylyň iýuly we 2007-nji ýylyň oktýabr aýy).
Şeýle-de türkmen küştçülerini, esasanam zenanlaryň ýygyndysyny taýýarlamaga Türkiýeli halkara derejeli ussat tälimçi Okan Ozsakallioglu hem gatnaşýar. Bu çäreniň gurnaýjysy bolup, halkara derejeli ussat Meliha Ýurtsewenanyň ýolbaşçylygyndaky Türkiýäniň “Satranc365” professional küşt akedemiýasy çykyş etýär.
Türkmenistanyň öňde baryjy küştçüleri, şolaryň hatarynda halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew, halkara derjeli ussat Saparmyrat Atabaýew, aýallaryň arasynda ýurdyň häzirki çempiony, FIDE ussady diýen derejä däläşgär Merýem Agajanowa, zenanlaryň arasynda 2023-nji ýylyň çempiony, FIDE ussady Läle Şöhradowa, we onuň gyz jigisi Leýla Şöhradowa we başgalar türgenleşige gatnaşýar.
Bu okuw türgenleşiginde biziň küştçülerimiziň küşt ussatlygynyň ähli taraplaryny güýçlendirmek mümkinçiligi bar. Okuw maksatnamasy käbir adaty ugurlaryň üstünde işlemegi, pikirlenmek ukybyny ösdürmegi, iň döwrebap täze bilimlerini özleşdirmegi, açylyşdan orta mittelşpile geçmegiň aýratynlyklaryny we endşpile geçmegiň käbir mowzuklary öz içine alýar. Okuw maksatnamasy ýörüte türkmen küştçüleriniň oýnunyň has gowşak taraplarynyň üstünde işlemek üçin gurnaldy.
Oýunçylar bilen bir hatarda milli ýygyndynyň tälimçileri hünär derjelerini ýokarlandyrýar. Küştiň iň ýokary ussatlyk derejesinde tälimçiligiň usulyýet düşünjesini giňeltmek, orun düşünişini ösdürmäge gönükdirilen täze maşk görnüşlerini ösdürmek, ýurduň küşt federasiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan tälimçileriň önünde kesgitlenen esasy maksatdyr.
6-njy iýulda, taýýarlygyň çäginde biziň erkekler toparymyz okuw-türgenleşiginiň guramaçylary bilen dostlukly oýun geçirdiler. Toparymyzyň adyndan Saparmyrat Ataýew, sport ussady derejesine dalaşgär Amanmuhammet Hommadow, zenanlar toparynyň tälimçisi, sport ussady derejesine dalaşgär Şahruh Turaýew, we erkekler toparynyň tälimçisi, FIDE ussady Mergen Kakabaýew, garşydaşlarynyň düzümini has-da güýçlendirmek maksady bilen guramçylaryň toparynda Wasili Iwançuk, Okan Ozsakallioglu, Melih Ýurtsewen dagylar çykyş etdiler – diýip Meýli Annaberdiýew aýtdy.
Duşuşykda “rapid” düzgünleri bilen iki oýun oýnaldy. Netijede, toparymyz şeýle güýçli garşydaşlaryndan 5,5 - 2,5 hasabynda üstün çykdy, bu bolsa eýýäm dünýä belli iň tejribeli küştçi bilen türgenleşik işiniň dogry ugruny görkezýär diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda bellenildi.
ORIENT news