Iň täze habarlar

Antarktidada ýokary tizlikli hemra interneti ýola goýuldy

11.04.2024 | 21:49 |
 Antarktidada ýokary tizlikli hemra interneti ýola goýuldy

Geostasionar (GEO) we pes orbitaly (LEO) aragatnaşyk hemralarynyň operatory OneWeb kompaniýasy Antarktida ýarym adasynyň günbataryndaky Adelaida adasyndaky Roteriň barlag stansiýasy üçin ýokary hilli aragatnaşyk ulgamyny üpjün etmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýa 120Mbit/s çenli tizlikli we ygtybarly internete birikmegi ýola goýar. Mundan öň birikmek tizligi 5Mbit/s-den geçmeýärdi. Geçirijilik ukybynyň şeýle ýokarlandyrylmagy uly göwrümli maglumat faýllaryny ibermäge hem-de dünýäniň iň alys ýerleriniň birinden göni ýaýlymda interwýu almaga mümkinçilik berer.

OneWeb-iň täjirçilik strategiýasy we innowasiýalar boýunça wise prezidenti Maurizio Vanottiniň aýtmagyna görä, Antarktidada bu synagyň geçirilmeginiň kompaniýanyň dünýäniň iň alys sebitlerinde ählumumy aragatnaşygyň ýola goýulmagyna ýardam bermäge ygrarlydygynyň subutnamsy bolup durýar.

TALARIA atly täze ulgam Çilidäki ýerüsti stansiýadan we ulanyjy terminalyndan ybaratdyr. Bu taslamanyň üstünde kompaniýa 18 aý işledi. OneWeb Ýewropa kosmos agentligi Sunrise Partnership Project, Comtech Telecommunication we Cobham Satcom bilen hyzmatdaşlykda bu ulgamy ösdürmegi maksat edinýär.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: