Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tehnologiýa we telekommunikasiýa ugurlarynda işleýän iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew we aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew gatnaşdy.
Gepleşikleriň esasy üns merkezinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ýokary tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boldy. Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda emeli aň boýunça ylmy-barlag merkezlerini döretmek, zatlaryň interneti (IoT) çözgütlerini ornaşdyrmak we “akylly şäherleri” ösdürmek ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem neýrotorlar we kwant tehnologiýalary bilen bagly meseleler hem gozgalyp geçildi.
Hajymyrat Hudaýgulyýew emeli aňy ösdürmegiň ýurtda strategik ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, şeýle tehnologiýalar döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we beýleki pudaklaryň ösüşinde möhüm orun eýeleýär.
Gepleşiklere Huawei, ZTE, Shanghai DTSpace Futech Auto Tech, Xinjiang Poplar Cable Manufacturing we China Information and Communication Technologies Group Corporation kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.
