Iň täze habarlar

“Apple” oýunlaryň netijelerini we goýum koeffisiýentlerini görkezýän programma goşundyny işe girizdi

22.02.2024 | 13:25 |
 “Apple” oýunlaryň netijelerini we goýum koeffisiýentlerini görkezýän programma goşundyny işe girizdi

“Apple” kompaniýasy özüniň aýfonlary üçin “Apple Sports” ady bilen täze programma goşundysyny işe girizdi.

Programma üpjünçiligi ýokary sport ligalaryndan oýunlaryň netijelerini, toparyň statistikasyny, goýulýan goýumlaryň tapawudyny we başga zatlary barlamak üçin amatly platforma hyzmatyny üpjün edýär.

Bu programma häzirki wagtda Milli basketbol birleşiginiň (NBA), Milli hokkeý ligasynyň (NHL), Talyp sportunyň milli birleşiginiň (NCAA), Premýer-liganyň we başga-da birnäçe ligalaryň, şol sanda ýaýlyma bermäge “Apple-yň” aýratyn hukuklary bolan “MLS” futbol ligasynyň oýunlaryny goldaýar.

Mobil goşundysy şeýle hem futbo boýunça Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Meksikanyň, Italiýanyň we Fransiýanyň birinjiligi ugurndaky oýunlary hem goldaýar. Onda Beýsbolyň esasy ligasy (MLB), Talyp futbolynyň milli birleşigi (NCAAF) we Zenanlaryň milli futbol ligasynda bolýan duşuşyklar barada maglumatlar ýerleşdiriler.

Programma oýunlara tomaşa etmek üçin “Apple TV Plus” ýa-da beýleki ýaýlyma beriş hyzmatlaryna geçmäge mümkinçilik berýär.

Geçen ýyl “Apple” “MLS Season Pass” atly futbol oýunlaryny ýaýlyma beriş hyzmatyny hödürledi.

ORIENT news

Foto: ru.fanoftech.com

Şeýle hem okaň: