||
28-nji ýanwarda “Ahal” futbol topary 7 – 12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin mugt ussatlyk sapaklaryny gurar. Çäre “Aşgabat” stadionynda açyk asmanyň astynda sagat 15:30-da başlanar.
Tölegsiz esasda geçirilýän tälimçilik okuwlaryny guraýjylar ene-atalary bu okuwlara gatnaşjak çagalary ýylyjak geýindirmegi maslahat berýärler. Çäräniň guramaçylyk işine “Ýeňme” haýyr-sahawat guramasy hem gatnaşýar.
“Ýaşajyk futbolçylar – biziň geljegimiz” ady bilen geçirilýän çärä Türkmenistanyň iň ezber futbol oýunçylary we ussat tälimçileri gatnaşarlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993632993.
ORIENT news
