Özbegistanyň Medeniýet ministrligi ýakyn wagtda “Ýyldyz bilen syýahat” atly taslamasyny işe girizer. Onuň çäklerinde meşhur blogerleriň gatnaşmagynda ýörite maksatnama işlenip düzüler we belli blogerler degişli pul sylagy bilen sylaglanar. Bu bäsleşik Özbegistanyň Prezidentiniň “Ilata hödürlenilýän medeni hyzmatlaryň hilii mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça çäreler hakynda” Kararyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilkinji gezek guralar. Bu barada “Daryo” neşiri habar berýär.
Bu maksatnama sosial ulgamlarda azyndan 500 yzarlaýjysy bolan özbek we daşary ýurt blogerleri gatnaşyp bilerler. Ministrlik iň meşhur dalaşgärleri saýlar we öz sahypasynda meýilleşdirilen çäreler barada habar berer.
Bellenişi ýaly, her ýyl taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli çykdajylary üzmek üçin ýurduň Syýahatçylyk baradaky komitetiň ýanyndaky Syýahatçylygy goldamak gaznasyndan Syýahatçylyk ministrliginiň býujetden daşary serişdeleriniň hasabyna azyndan 4 milliard sum bölünip berilýär.
ORIENT news
