
Aýnura Azadowa Türkmenistandan Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň häzirki wagtda uniwersitetiň Halkara medeni alyş-çalyş institutynda “Hytaý dili daşary ýurt dili hökmünde” hünäri boýunça aspirantura bilimini alýar. Onuň sözlerine görä, Hytaýda okamak we ýaşamak arkaly ol diňe bir hytaý medeniýeti bilen tanyşman, eýsem köp sanly dostlary hem gazanypdyr.
Hytaý Internet Maglumat Merkezi (HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Maglumat býurosynyň döwlet web-portaly we Hytaýyň halkara neşirýat topary) tarapyndan çap edilen makalada Aýnura: “Men Hytaýy gowy görýärin we birinji derejeli hytaý mugallymy bolup bilerin diýip umyt edýärin” diýip belleýär.

Zähmeti söýmegi aňladýan “Aýnuli” – bu gyzyň özi üçin saýlan hytaý adydyr.
Hytaý dilini öwrenmek prosesi çylşyrymly we kynçylyklardan doly, ýöne Aýnura bu zatlardan lezzet alýar. Hytaý dili Hytaýy öwrenmek üçin gapylary açmaga kömek etdi we hytaý medeniýetine düşünmek üçin köpri gurdy. Gyz boş wagtlaryny hem kitap okamak bilen geçirýär.
Ýakynda, Şanhaýda “Hytaýy okamak” atly Halkara talyplaryň 1-nji Bütinhytaý hekaýa bäsleşigi geçirildi. Şahsy gatnaşyk görnüşde geçirileen ýarym final we final tapgyrlara 31 ýurtdan we 45 uniwersitetden 102 daşary ýurtly talyp gatnaşdy. Aýnura hem ýaryşa gatnaşyp, üçünji orny eýeledi.

Hytaý-Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagy bilen Aýnura Hytaýda has köp dost edinmäge, hytaý dilini gowy öwrenmäge we açyk, öz içine alyjy, özara peýdaly we parahatçylykly ösüş ýolunda iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda goşant goşmak isleýär.
ORIENT news