14-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebit-himiýa, oba hojalyk we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.
Daşarky bazara Britan Wirgin adalarynyň telekeçileri “KO-20” kysymly yşyklandyryş kerosinini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden tekiz boýalan we tüýjümek önümleri satyn aldylar, şeýle hem türkmen telekeçileri bilen pagta önümleriniň agardylan süýümlerini we dokma önümleriniň galyndylaryndan regenerirlenen süýümleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri Oba hojalk ministrligi bilen pagta galyndysyny, pagta soapstokunyň distillirlenmedik çig ýag turşulygyny we pagta soapstokunyň çig ýag turşulygyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy 6 480 000 manat we 14 591 725 dollar bolan sekiz geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanyşyp bolýar.
ORIENT news
