Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi arap gazetinde ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli makalasyny çap etdi

07.12.2023 | 04:21 |
 Türkmenistanyň Katardaky ilçisi arap gazetinde ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli makalasyny çap etdi

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdany daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow «AlSharq» gazetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli makalasyny çap etdi.

Makalasynda diplomat Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtaýar. Bu babatda Katar bilen özara gatnaşyklara uly orun degişlidir.

1996-njy ýylda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegi üçin uly tagallalar edilýär.

Şu ýyl Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy açyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Katara amala aşyran döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.

2022-nji ýylda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Şonda futbol boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda geçirilipdi.

9-njy oktýabrda Dohadaky Al-Bidda seýilgähinde guralan «EKSPO-2023» halkara bagbançylyk sergisinde Türkmenistanyň Milli güni açyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar topary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orun eýeleýär. Energetika, söwda, ulag we kommunikasiýalar, oba hojalygy, maýa goýumlary özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

«AlSharq» Kataryň arap dilinde gündelik çap edilýän we iň okalýan gazetleriniň biridir. Ol ýurduň arap dilindäki esasy gazetleriniň üçlügine girýär hem-de iň uly çap sanyna eýedir. Bu dereje PARC (PaloAlto Research Center Incorporated) hem-de ştab-kwartirasy Fransiýada bolan IPSOS ählumumy kompaniýasy ýaly halkara barlag agentlikleri tarapyndan ençeme gezek ykrar edildi.

ORIENT news

Foto: aviata.kz

Şeýle hem okaň: