Ýakyn wagtda Özbegistanyň ähli 11 halkara howa menzillerinde syýahatçylar üçin tax free ulgamy ornaşdyrylar. Bu barada Uzbegistan airports açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri daşary ýurt raýatlaryna harytlaryň käbir görnüşini satyn alanlarynda tölän goşmaça baha salynýan salgydyň möçberini gaýtaryp bermek ulgamy respublikanyň Daşkentde, Samarkantda, Buharada, Ferganada we Ürgençde ýerleşýän howa menzillerinde eýýäm hereket edýär.
Tax free ulgamyna degişli harytlaryň umumy bahasy 1mln sumdan (80 dollara ýakyn) az bolmaly däldir.
Syýahatçylar sowgatlyk önümleri, miweleri we guradylan miweleri, deri we sütük önümlerini, halylary, dokma önümlerini satyn alanlarynda GBS-niň möçberini gaýtaryp alyp bilerler.
ORIENT news
