Iň täze habarlar

Karahantepedäki we Göbeklitepedäki açyşlar

22.11.2023 | 09:30 |
 Karahantepedäki we Göbeklitepedäki açyşlar

Neolit eýýamynyň dünýäde iň gadymy ýadygärlikleriniň biri bolan Karahantepede we Göbeklitepede täze tapyndylar ýüze çykaryldy.

9 sany arheologik desgalarda geçirilen soňky gazuw-agtaryş işlerinde adamlaryň we haýwanlaryň heýkelleri tapyldy.

Gazuw-agtaryş işleri Taş Tepeler taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu taslama gadymy taryha ser salmaga we dünýä derejesindäki ähmiýetli açyşlary etmäge mümkinçilik berdi.

Adam heýkeli—gadymy sungatyň ajaýyp nusgasy

Ýakynda Karahantepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda şol döwre degişli iň uly adam heýkeli ýüze çykaryldy. Onuň boýy 2,45 metre deň bolup, ol sekiniň üstünde ýerleşdirilipdir.

Oturan ýagdaýdaky erkek adamyň heýkeli merhumy ýada salýar. Başga tarapdan bolsa şekiliň dim-dik oturmagy onuň diri adamdygyny görkezýär. Şeýle hem şol meýdançada düýeguşuň heýkeli tapyldy.

Göbeklitepedäki ýabany doňyz—hakyky ölçegdäki ilkinji heýkel

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Göbeklitepedäki D meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde hek daşyndan ýasalan ýabany doňzuň hakyky ölçegdäki heýkeli tapyldy. Bu heýkel neolit döwrüne degişli hakyky ölçegdäki tapylan ilkinji heýkeldir. Ol hem sekiniň üstünde ýerleşdirilipdir. Bu seki H harpy görnüşindäki nagyşlar, ýarymaý, iki sany ýylan we üç sany adamyň ýüzi çekilip bezelipdir.

Göbeklitepe—taryhy özgerden meýdança

Şanlyurfa şäherinden 18 kilometr uzaklykda ýerleşen Göbeklitepe adamzat taryhynyň iň ähmiýetli miraslarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda Türkiýäniň 18-nji desgasy bolmak bilen, Göbeklitepe neolit eýýamy baradaky biziň düşünjämizi ep-esli özgertdi. Ilkinji gazuw-agtaryş işlerine Göbeklitepede 1995-nji ýylda girişildi we gysga wagtyň içinde köpsanly tapyndylar, şol sanlda dürli jandarlaryň suratlary we geometrik şekiller bilen bezelen T görnüşli kolonnalar adamlaryň we haýwanlaryň dürli heýkelleri, daşdan we süňkden ýasalan ýaraglar we beýlekiler ýüze çykaryldy. Göbeklitepede geçirilen işler adamzadyň taryhyndaky iň ähmiýetli özgerişleriň biri, ýagny, oturymly durmuşyň döreýşi barada düşünje almaga mümkinçilik berdi, şeýle hem şol döwrüň sosial durmuşy, binagärligi we sungaty barada täze maglumatlary açdy.

Taş Tepeler—uly özgerişleriň mekany

Gadymy medeniýetleriň mekany bolan Türkiýede medeni mirasy gorap saklamak maksady bilen, köp sanly arheologik gazuw-agtaryş işleri we taryhy çäkleri dikeltmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkiýe arheologik taslamalaryň sany boýunça dünýäde ilkinji orny eýeleýär. 2023-nji ýylda Türkiýede arheologik gazuw-agtaryş işleriniň sanynyň 750-ä ýetmegine garaşylýar.

Arheologik gazuw-agtaryş işleri taryhyň geçmişini açyp görkezýän we bizi adamzat mirasy bilen baglanyşdyrýan bir syýahatdyr. Belli bir sebitde bir meýdançanyň öwrenilmegi taryhyň geçmişine has doly düşünmäge mümkinçilik berýär. Ýakynda amala aşyrylan şeýle taslamalaryň biri hem “Taş Tepeler “taslamasydyr. Stambul uniwersitetiniň taryhdan ozalky arheologiýa kafedrasynyň müdiri, professor Mejmi Karulyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan taslamanyň çäklerinde ilkinji adamzat jemgyýetleriniň tehnologiýa, ekologiýa we sosial ugurlary öwrenilýär. Şanlyurfa platosynda geçirilen ýüzleýje barlag işleri Göbeklitepä ýakyn oturymly ýerleri ýüze çykardy. Hemmesi bilelikde “Taş Tepeler” diýip atlandyrylýan oturymly ýerleriň hatarynda Karahantepe, Saýburç, Sefertepe, Harbetsuwan Tepesi, Gürjütepe. Çakmaktepe, Medik, Kurttepesi, Taşlytepe, Aýanlar, Ýogunburç we Ýeni Mahalle, şeýle hem Göbeklitepe bar. Taslamanyň çäklerinde 9 sany arheologik meýdançalarda barlag işleri dowam edýär. Karahantepedäki gazuw-agtaryş işleri Göbeklitepedäkä meňzeş monumental desgalary ýüze çykardy. Bu meýdançalar arheologik barlag işlerine öz goşandyny goşmagyny dowam edýär.

ORIENT news

Foto: Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan

Şeýle hem okaň: