Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy

20.11.2023 | 22:21 |
 Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Bu baradaky degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti duşenbe güni bolan iş maslahatynda gol çekdi.

Döwlet toparynyň işi ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanylmagyna hem-de ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gözegçilik etmäge gönükdirilendir. Bu barada Döwlet telewideniýesinde habar berildi.

Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we welaýatlaryň häkimleri dowam edýän oba hojalyk işleri, pagta ýygymy we taýýar hasyly gaýtadan işlemek, daýhanlar bilen hasaplaşyklary geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabatlar berdiler.

Bellenişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri geçirilip, Lebap we Daşoguz welaýatynda şaly, Mary welaýatynda hem gant şugundyrynyň ýygymy dowam edýär.

ORIENT news

Foto: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Şeýle hem okaň: