Iň täze habarlar

Ilon Maskyň kompaniýasy emeli itellektiň täze nusgasy bilen tanyşdyrdy

07.11.2023 | 09:41 |
 Ilon Maskyň kompaniýasy emeli itellektiň täze nusgasy bilen tanyşdyrdy

Amerikan işewüri Ilon Maska degişli hem-de emeli intellekt ulgamynda ýörüteleşen xAI stratapy özüniň Grok atly ilkinji neýro ulgamynyň nusgasy bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, Grok “Awtostop bilen galaktikada gezelenjiň” nusgasy boýunça işlenip taýýarlanyldy. Ol islendik soraga jogap bermäge, şeýle hem haýsy soraglary bermelidigini aýtmaga ukyplydyr.

Grok X sosial ulgamyndaky kontentlere görä taýýarlanandygy üçin, onuň maglumat binýady X sosial ulgamynda täze kontentleriň peýda bolmagy bilen yzygiderli täzelenip durýar. Munuň özi onuň esasy artykmaçlygydyr. Ilon Maskyň aýtmagyna görä, bu neýroulgam soraglara degişme bilen hem jogap berip biler.

Şeýle hem işewür xAI startapy tarapyndan işlenip taýýarlanylan emeli intellekti X sosial ulgamyna ornaşdyrmagy hem-de bu çat-bota X-den aýratynlykda elýeterliligi üpjün etjek goşundyny çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

Ilon Maska degişli xAI kompaniýasy we X sosial ulgamy özbaşdak düzümler bolsa-da, olar birek-birek bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: