2027-nji ýyl Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynda Hukuk biliminiň ýyly bolar. Belarus Respublikasynyň Ýustitsiýa ministrliginiň degişli başlangyjy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetindäki GDA gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň agzalary tarapyndan bir agyzdan goldanyldy. Geňeşiň mejlisi Minsk şäherinde geçirildi.
Täjigistanyň ýustitsiýa ministriniň birinji orunbasary Nigina Alizodanyň belleýşi ýaly Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň has ýokary täze derejesine çykmak zerurdyr.
Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi raýatlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, hukuk medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem kanuna hormat goýmaga esaslanýan durnukly jemgyýeti kemala getirmäge mümkinçilik berer. Ýylyň dowamynda dürli çäreler – maslahatlar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, hukuk bilimi boýunça okuw maslahatlary geçiriler. Arkalaşygyň raýatlary notariuslardan, aklowjylardan tölegsiz maslahatlary alarlar.
Mundan başga-da, Geňeş tarapyndan tassyklanan 2024-nji ýyl üçin işleriň meýilnamasyndan GDA gatnaşyjy döwletleriň ýustitsiýa ministrlikleriniň arasynda ilata hukuk hyzmatyny amala aşyrmaga degişli maglumaty alyşmak üçin bitewi döwletara elektron ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär.
ORIENT news
