Hytaý bazary Merkezi Aziýadan has köp haryt kabul edýär - HHR Söwda ministrligi
26.05.2023 | 13:53 |Hytaý söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryň arasynda Merkezi Aziýadan has ýokary hilli önümleriň öz bazaryna girmegini makullaýar diýip, penşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrligi beýan edendigini Sinhua agentligi habar berýär.
Öz kompaniýalaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynda ammar açmaga höweslendirmek bilen Hytaý elektron söwda platformalaryny Merkezi Aziýa kärhanalary üçin açar diýip, metbugat duşuşygynda resmi wekil Şu Szýuetin beýan etdi.
Şuň aýtmagyna görä, ýurt Merkezi Aziýa bilen sanly söwdany giňelder we emeli intellekt, uly maglumatlar we 5G ýaly ösen sanly tehnologiýalary ösdürmekde tejribe paýlaşar.
Hytaý serhetara infrastruktura desgalarynyň gurluşygyny ösdürer, nebit, tebigy gaz, täze energiýa minerallary we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy güýçlendirer we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň importyny giňelder diýip, Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat sekretary nygtady.
Ministrligiň soňky maglumatlary Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy, ýagny Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynda yzygiderli ösüşi görkezdi.
Ministrligiň maglumatyna görä Hytaýyň bäş ýurt bilen söwdasy 2022-nji ýylda ABŞ-nyň 70 milliard dollaryna ýetdi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýyllyk 22 göterim ösüş gazandy.
Şu, Hytaýyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigini we Türkmenistan bilen Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna tiz wagtda goşulmagyny goldaýandygyny aýtdy.
ORIENT news