Ýatdan çykmajak toýlaryň geçirilmegi bilen meşhur bolan Türkiýe RSVP gymmatly toýlary gurnaýjylaryň birleşmesiniň sylaglama gala-dabarasynda dünýäde «iň halanýan ugur» diýlip ykrar edildi.
Şeýle hem Türkiýe kabul ediji tarapyň derejesini aldy we RSVP-niň indiki baharky maslahaty 2024-nji ýylyň 2-5-nji aprelinde Stambulda geçiriler.
Türkiýe Gündogaryň gadymdan gelýän däplerini we Günbataryň häzirki zaman alamatlaryny utgaşdyrýan özüniň medeni mirasy, şeýle hem ajaýyp aşhanasynyň dürlüligi we soňsuz şoping etmek mümkinçiliginiň barlygy sebäpli syýahatçylary özüne çekýär. Bu ýurda dünýäniň dürli künjeginden nikalaşmasyny baýram etmek isleýän jübütler gelýärler.
Gymmatbahaly toýlar we beýleki dabaralar üçin halanýan ugurlaryň arasynda Stambuly, Bodrumy, Antalýany, Kappadokiýany, Gejeki, Çeşmäni we Fethiýeni görkezmek bolýar. Olar her bir elementi - ýerleşdirmekden başlap aşhana ugruna çenli zatlary göz öňünde tutup, dynç almagyň giň görnüşlerini açýarlar. Bu ýerde işine ökde hünärmenler işleýärler, olar ýaş çatynjalary we myhmanlary begendirip, geçirilýän ýerleriň köpdürliligi we saçagy bezemegiň görnüşleri bilen toýlary iň soňky ownuk jikme-jiklerine çenli meýilleşdirýärler.
ORIENT habarlar
