Aşgabatda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde suw baýlyklaryny dolandyrmak» forumy geçirildi.
22.04.2023 | 22:12 |Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde suw baýlyklaryny dolandyrmak» atly ylmy konferensiýa geçirildi.
Foruma daşary syýasatyň we ýurdumyzyň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary bilim mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar, diýip Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýygnananlaryň öňünde eden çykyşynda Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşine ýetmekde suw çeşmeleriniň möhüm orun tutýandygyny, serhetüsti suw hyzmatdaşlygynyň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmekde möhüm bölek bolup durýandygyny aýtdy .
Ministriň orunbasary global howanyň üýtgemeginiň fonunda suw meselesiniň gitdigiçe möhüm mesele bolýandygyny belledi. Şonuň üçin şu gün suw çeşmelerini seresaply we tygşytly peýdalanmak meselesi birinji ýerde gelýär.
Maslahatda daşary ýurt diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, türkmen hünärmenleri çykyş etdiler. Suw baýlyklaryny durnukly dolandyrmagyň sebit ýurtlarynyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny, döwlet edaralarynyň, ylmy guramalaryň, halkara hyzmatdaşlaryň yzygiderli maglumat, bilim we tehnologiýa alyş-çalşygy we ylalaşylan kararlaryň işlenip düzülmegini talap edýändigi bellendi.
ORIENT news