FIDE Geňeşi Russiýanyň Küşt federasiýasynyň Aziýa küşt federasiýasyna geçmek barada haýyşy boýunça Konstitusiýa topary tarapyndan taýýarlanan doklada garady.
Aziýa Küşt federasiýasynyň 28-nji fewralda Abu Dabide geçiriljek Baş Assambleýasynda bu haýyş boýunça karar çykarmagyna garaşylýar. Onuň kabul edilmegi Russiýanyň Küşt federasiýasynyň Ýewropa Küşt bileleşiginiň düzüminden awtomatiki çykýandygyny aňladar.
Şuny göz öňünde tutmak bilen, FIDE Geňeşi iki sany möhüm çözgüdi kabul etdi. Olardan biri, 2023-nji ýylyň 1-nji maýyndan 1.6-njy zonanyň (Russiýa) adynyň Aziýanyň bir bölegi hökmünde 3.8-nji zona adyna üýtgetmek barada.
Ikinji çözgüt bu tapgyrda Russiýanyň Küşt federasiýasyny terk edip, haýsydyr bir Ýewropa küşt federasiýasyna girmek kararyna geljek küştçileri goramak üçin goşmaça çärelere degişlidir.
ORIENT news
