Erkek kişä näme sowgat etmeli? islendik baýrama 50+ pikir
23.02.2023 | 18:18 |Biz erkek kişä islendik baýramda sowgat saýlamaga kömek etjek sanawy taýýarladyk. Olaryň arasyndan ýanýoldaşyňa, erkek doganyňa, kakaňa, gaýyn ataňa, ogluňa, işdeşiňe sowgat bermek üçin pikiri saýlap bolýar. Peýdaly, praktiki, alamatlaýyn, meşgullanmak üçin, saglyk üçin we ş.m. ORIENT-iň saýlap almagynda.
Zergärçilik bezegleri. Önümleri şahsy dizaýny bilen zergäre sargyt ediň ýa-da taýýarlaryndan saýlap alyň. Olaryň köp dürlüligi adamyň häsiýetine we durmuş ýörelgesine gabat geljek sowgady saýlap almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem onuň islendik meşgullanýan zadyny zergärçilik önüminde galyba salyp bolýar.
Bilezikler. Deriden edilen, matadan, sapaklardan örülen, gymmatbaha metalladan edilen– erkekler üçin bilezikler az däl.
Gapjyk, portmone, kagyz pullary gysyjy, wizitka (tanatgyç) salynýan. Olar deriden edilen, ýüzüne ýakylyp düşürilen ýa-da goly çekilen görnüşde bolup biler. Reňkleriň dürli görnüşi islendik senä ýa-da waka bagyşlap sowgat saýlap almaga mümkinçilik berýär.
Termoslar. Termos ýa-da termo-bulgur gyzgyn içgileri halaýanlar üçin gowy sowgat bolar. Ony özüň bilen awtoulagda göterseňem ýa-da işe alyp gitseňem bolýar.
Kofäni halaýanlara asyl nusgaly ýygymy özüň toplap berseňem bolýar. Oňa gowy kofäniň gutusyny (ýa-da birnäçe dänesini), turkany, badany, ýakymly ys berijileriň toplumyny, adaty däl goşundysy bolan elde edilen şokolady goşmak bolýar. Edil şunuň ýaly edip, dabaranyň sebäpkäriniň gowy görýän islendik zadyndan toplum ýygnamak bolýar.
Belli bir temadan gutular. Häzir islän zadyňy kynçylyksyz tapmak bolýar. Dükanlar baýramlara bagyşlap taýyn tematiki gutulary hödürleýärler (Watan goragçysynyň güni, doglan gün we ş.m.) Meselem, Watan goragçysynyň gününe bagyşlap esgeriň gutusyny içinde esger gazany, ýanyňda göterilýän aşhana esbaplary, metaldan edilen kružka, uzak wagtlap ýanýan kükürdi bolan gullukdaky gutyny sargyt etmek bolýar. Şunuň ýaly toplum awçylaryň, balykçylaryň we syýahatçylaryň göwnünden turar.
Peýdaly toplumlar. Abzallaryň toplumy, kebapdyr — şişlik bişirmek üçin toplum (şampurly ýa-da gril-gözenekli), şäheriň daşyndaky jaý üçin toplum we ş.m.
Şarf ýa-da baff. Gyş wagtlary ýyly aksessuarlar ýerlikli bolar. Bafflaryň tomusky modellerini hem tapyp bolýar, olar has hem ýörgünli bolup barýarlar. Bu hem şarf, ýaka, baş gap, kellä daňylýan hökmünde ulanyp boljak kelle gaby.
Eşik. Futbolka, galyň ýeňli eşik, köýnek… Öýde geýmek üçin ýa-da her ýere geýip boljak eşik. Taýyn önüm satyn alsaňam ýa-da poligrafiýada hususy printi buýursaňam bolýar.
Awtoulag sürýäne ulag üçin peýdaly aksessuary ýa-da gajet sowgat bermek bolýar. Olaryň häzir giň görnüşleri bar, islegiňe görä saýlaýmaly: ownuk zatlar üçin organaýzer, gurallar üçin guty, oturgyçlar üçin örtgi (ýyladýan görnüşli, massaž edýän görnüşli, bezeg), rul üçin daşlyk, halyjagazlar, şekili hasaba alýan, ýanyňda göterilýän tozan sorujy, termo-bulgur, awtoulag feni, zarýad beriji gurluş, howany ionlaşdyryjy.
Fleşka ýa-da göterilýän disk. oýunlary halaýanlar, kinony halaýanlar, programma düzüjiler we maglumatyň uly göwrümi bilen işleşýänler üçin goşmaça ýat peýdaly bolar.
Powerbank. Gowy dizaýny bolan göterilýän akkumulýator – örän peýdaly we akylly sowgat.
Sagat, akylly sagat, fitnes-bilezik. Pyýada köp ýöreýän, tigirde gezýän ýa-da sport bilen meşgllanýan erkek kişiler üçin şunuň ýaly sowgat ýerlikli bolar. Şu günler fitnes-bilezikleriň köp görnüşleri bar we olaryň funksiýalary hem dürli-dürli. Size diňe dizanyny we mümkinçiligiňize görä bolan modeli saýlamak galýar.
Sport bilen meşgullanýana sowgatlar. Suw üçin gap, polotense, ylgamak üçin guşak (telefon üçin, açarlar, mümkin bolan her hili trekerler, abzal üçin bölümçeleri bolanlary. Hemmesi şol erkek kişiniň sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanýandygyna baglydyr. Sport dükanyna baryp görüň, siz ony haýran galdyrjak zady taparsyňyz.
Gözellik we saglyk şunuň ýaly sowgadyň köp görnüşlerini sanap durmagyň peýdasy ýok: bu erde durmuşda her ýerde ulanyp boljak we islendik býujete görä zatlar bar: bedene ideg etmek üçin serişdeleriň toplumlary, sakal almak üçin we alandan soň ulanylýan serişdeler, atyr, elektrik diş çotkasy, mümkin bolan her hili aksessuarlar we ş.m.
Sowgatlyk kartalar. Dükanlaryňky (egin-eşik, kosmetika, kitap, sport harytlary, gurluşyk, konsol üçin oýun dükany we ş.m.), gözellik salonlary, sportzal, dynç alyş.
Owkalama seansy. Eger-de erkek kişi köp işleýän bolsa ýa-da gaharlanýan bolsa, gowy owkalama bedeni we kelläni rahatlandyrmaga kömek eder, gan aýlanyşyny gowulandyrar. Şeýle hem owkalama – köp keselleriň öňüni almakdyr.
Gyzyklanmalar boýunça sowgatlar. Syýahat etmegi halaýanlar üçin skreç-karta sowgat bermek bolýar, süýjüligi halaýanlara – şokolad, gury iýmişler, ekzotiki we adaty däl süýjülikleri, aýdym diňlemegi halaýanlar üçin – gulaklyk, eti halaýanlar üçin – kolbasalaryň, stroganina, kakadylan etiň toplumyny bermek, programmirleýjä – kružka üçin USB-den gyzdyryjy we ş.m.
Erkek kişä näme sowgat etmek bolýar:
Kanselýariýa harytlary (ruçka, gündelik)
Telefon üçin daşlyk
Gap (bokal, dyky açgyç, et üçin pyçak, lanç-boks)
Elektrik abzallar (aerogril, mikrotolkunly peç)
Rýukzak, torba, çemedan
Çadyr, içine girip ýatylýan halta, ýol ýassygy
Nakgaşlyk suraty, sungat eseri
Proýektor, simsiz kolonka, grafiki planşet
Stoluň üstünde oýnalýan oýunlar
Pasport üçin daşlyk, resminamalary saklamak üçin papka, noutbuk üçin daşlyk
Ortopediki ýassyk, massaž edýän
Kitap saklaýan
Zaponka, galstuk, äýnek
Saýawan
Gowy sowgadyň hökman gymmat bolmagy gerek däl. Esasy zat sowgat saýlanyňyzda erkek kişä ony almagyň ýakymly boljakdygyny düşüniň. Onuň hobbileri we gyzyklanýan zatlary nämeler, häsiýeti, onuň işiniň näme bilen baglydygy. Bularyň ählisi iň gowy sowgady saýlamaga kömek eder.
ORIENT habarlar