“Real Madrid” topary Marokkoda geçirilen klub dünýä çempionatynda finalda Saud Arabystanynyň “Al-Hilaly” toparyny 5-3 hasabynda utup, bäşinji gezek ýeňiji boldy. Hasaby 13-nji minutda Winisius Žunior açdy. Bäş minut soňra Federiko Walwerde “Realyň” artykmaçlygyny berkitdi.
26-njy minutda Mussa Marega pökgi geçirmek bilen, hasaby öňe süýşürdi. 54-nji minutda “Real” ýene bir pökgi geçirdi. Bu pökgini Karim Benzema derwezä saldy.
Dört minutdan soň, Federiko Walwerde goşa pökgi geçirip, toparyň hasabynyň agdyk bolmagyny üpjün etdi. 63-nji minutda Lusiano Wietta aratapawudy ýene-de azaltmak başartdy.
Şeýle-de bolsa, reallylar Winisius Žunioryň geçiren pökgüsi arkaly, dessine jogap berdiler. Geçirilen pökgi Saud Arabystanyň klubynyň oýundan sowaşmagyna sebäp bolmady. 79-njy minutda Lusiano Wietta ýene bir gezek pökgi geçirmek başartdy. Iň soňky hasap - 5:3.
Üçünji ýer ugrundaky oýunda braziliýaly “Flamengo” müsürli “Al-Ahly” topary 4:2 hasabynda ýeňdi.
Dünýäniň klub çempionatyna Ýewropada, Günorta Amerikada, Demirgazyk Amerikada, Afrikada, Aziýada, Awstraliýada we Okeaniýada esasy kontinental halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan klublar, şeýle hem bu ýaryşy kabul edýän ýurduň çempiony bolan topar gatnaşýarlar.
Real Madrid öň dört gezek (2014, 2016-2018ýý.) klub dünýä çempionatynda ýeňiji bolupdy. Bu ýaryşda madridlilerden köp ýeňiji bolan klub heniz ýok.
ORIENT news
