Paýtagtymyzdaky Oguz han adyndaky uniwersitet zehinli mekdep okuwçylary üçin tomusky lageri gurnar
08.01.2023 | 01:37 |Aşgabatda ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda milli olimpiada 10 günlük tomusky lager görnüşnde geçer. Şeýle intellektual ýygananyşygy öz çäklerinde paýtagtymyzdaky Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti gurar. Bu ýokary okuw mekdebi hem okuwçylaryň arasynda bäsleşigi geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Uniwersitet lagerinde matematika, fizika, himiýa, biologiýa we iňlis dili boýunça integrirlenen mekdep olimpiadasynyň jemleýji, üçünji tapgyry geçiriler. Ýöne, oňa düşmek üçin bu dersler boýunça etrap, welaýat we şäher mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda guraljak saýlama tapgyrlarynyň ikisinden geçmek gerek. Bäsleşik 2023-nji ýylyň fewralynda başlanýar.
Her mekdepden okuwçylaryň çäklendirilmedik möçberi gatnaşyp bilýär – her ýaş aýratynlygy boýunça 5 ýeňiji yglan ediler, jemi bolsa her tapgyrda olaryň sany 20 bolar.
Iki tapgyryň çempionlary bäsleşiklerini, eýýäm, tomusky lagerde dowam ederler. Olimpiadalar türkmen we iňlis dillerinde geçiriler. Ýeňijiler Oguz han adyndaky uniwersitetden “Teklipnama” alarlar, şol hat olara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girjek bolanlarynda kömek eder. Şeýle hem okuwçylara diplomlar we sowgatlar gowşurylar.
Tomusky lagerde bolýan wagtlarynda mekdep okuwçylarynyň ýaşamak, iýip-içmek hem-de beýleki zerurlyklary üçin çykdajylaryny uniwersitet töleýär.
Goşmaça maglumatlary şu telefon belgilere: (+993 65) 33-03-33, (+993 65) 87-88-70, (+993 63) 70-35-20, (+993 65) 81-08-10. jaň edip alyp bolar.
Elektron salgy: oguzzehin@gmail.com
ORIENT news