Iň täze habarlar

Türkmenistanda ygtyýarnama almak: öz işjeňligiňi nähili kanunlaşdyrmaly

24.01.2023 | 21:12 |
 Türkmenistanda ygtyýarnama almak: öz işjeňligiňi nähili kanunlaşdyrmaly

Ygtyýarnama almak — bu diňe bir iri iş bilen meşgullanmak isleýänler üçin däldir. Siz eger adamlaryň kiçijik bir toparyna hünär hyzmatyny edýän bolsaňyz, onda siz öz işiňizi kanunlaşdyrmaly. Bu makalada Türkmenistandaky işleriň ygtyýarlandyrylýan görnüşleri barada gürrüň bereris we soraglara jogap bereris — kim ygtyýarnama almaly we munuň üçin näme gerek.

Amala aşyrylmagy hukuklara, kanuny bähbitlere zyýan ýetirip biljek, raýatlaryň ahlagyna, janyna we saglygyna zyýan ýetirip biljek, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, türkmen halkynyň medeni mirasyna, daşky gurşawa zyýan ýetirip biljek işiň görnüşleri ygtyýarlylandyrmaga degişli bolup durýar.

Türkmenistanyň «Işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» kanunyna laýyklykda ygtyýarlylandyrmaga aşakdakylar degişlidir:

– lukmançylyk işi;
– farmasewtik iş;
–lukmançylyk-tehniki işi;
– dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işlerini geçirmek boýunça iş;
– weterinar işi;
–tohumçylyk işi;
– tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça iş;
– nebit önümlerini we ýangyç-çalgy materiallaryny ýerlemek boýunça iş;
– spirti, alkogolly önümlerini, temmäki önümlerini öndürmek, getirmek we ýerlemek babatynda iş;
– çagalar üçin süýt garyndylaryny, süýt we beýleki iýmitlendiriji önümleri, bir görnüşe getirilen iýmitleri öndürmek işi;
– sarp edijileri gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek babatynda iş;
– senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak, hem-de howply ýükleri daşamak babatynda iş;
– ýangyn howpsuzlygy babatynda iş;
– awiasiýa işi;
– deňiz we içerki suw ulagynda daşamak işi;
– ulag-ekspedisiýa işi;
– awtomobil ulagynda daşamak işi;
– elektroenergetika babatynda iş;
– aragatnaşyk babatynda iş;
– kiber howpsuzlyk babatynda iş;
– himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda iş;
–geodeziýa we kartografiýa işi;
– gurluşyk babatynda iş;
– bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi;
– neşiriýat işi;
– çaphana işi;
– syýahatçylyk işi;
– humarly oýunlary we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly iş;
– auditorçylyk işjeňligi;
– ätiýaçlandyryş babatyndaky iş;
– gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işi;
– baha kesmek işi;
– bank işi;
– gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly iş;
– fiziki we ýuridiki şahslara hukuk kömegini bermek işi;
– neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky iş;
– raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly iş;
– medeniýet we sungat çygrynda iş;
– audio, wideo we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly iş.

Ygtyýarnama ygtyýarlylandyrylýan her bir işiň görnüşine aýratyn berilýär we ol iş diňe ygtyýarnama alan adam tarapyndan ýerine ýetirilip bilinýär. Ony haýsydyr bir başga tarapa berlip bilinmez. Ygtyýarnama Türkmenistanyň tutuş çäginde hereket edýär (Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenen çäklendirmelerden başga).

Ygtyýarnamanyň möhleti:

– hünär hyzmatlaryny ýerine ýetirmek we bank işjeňligini amala aşyrmak üçin – hereket möhleti ýokdur;
– işi amala aşyrmak üçin (bank işinden başga, spirt, alkogol we temmäki önümlerini getirmekden başga) – belli bir kesgitli möhlet bilen, ýöne üç ýyldan az bolmadyk möhlet bilen;
– Türkmenistanda öndürilmeýän spirti, ýokary hilli alkogol önümlerini we temmäki önümlerini geitrmek üçin – bir ýydan geçmeýän möhlet bilen.

Ygtyýarnamany alan adam (tarap) hökman Türkmenistanyň kanunçylygyny, ekologik, sanitar-epidemiologik, arassaçylyk kadalaryny, ýangyna garşy kadalary we düzgünleri berjaý etmelidir; kwalifikasiýa talaplaryna, şeýle hem ýörite şertlere gabat gelmelidir; jenaýatçylykly ýol bilen ýa-da terrorçylygy maliýeleşdirmek arkaly alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy içerki gözegçilik düzgünleri berjaý edilmelidir.

Ygtyýarnamany nähili almaly

Ädim 1. Ygtyýarnama bermegi üçin degişli ygtyýarlylandyryjy edara ýüz tutmaly.

Ýuridiki şahslar doly adyny, döwlet hasaba alnyşynyň belgisini we senesini, guramaçylyk-hukuk görnüşini, hukuk salgysyny, işiniň görnüşini we ony amala aşyrmagyň möhletini, şeýle hem bu işiň amala aşyrjak hakyky ýerleşýän ýerini doly görkezmelidir.

Fiziki şahslar familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, ýaşaýan ýerini, pasport maglumatlaryny, onuň döwlet tarapyndan hasaba alnyş resminamasynyň belgisini we senesini (hususy telekeçi görnüşinde hasaba alnan fiziki şahslar üçin) şahsy salgyt belgisi, işjeňligiň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamany almak isleýän adamyň işiniň bu görnüşini hakykatda amala aşyrjak ýeri görkezilmelidir.

Ädim 2. Ygtyýarnama bermek baradaky arzanyň ýanyna şu aşakdakylary goşmaly:


– ýuridiki şahslar üçin – kärhananyň esaslandyryş resminamalarynyň nusgasy, ýuridiki şahslaryň Ýeke-täk döwlet reýestrinden göçürme, şeýle hem ygtyýarnamany almak isleýäniň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç haty, hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky şertnama ýa-da buýruk;
– fiziki şahs üçin – ygtyýarnamany almak isleýäniň döwlet hasaba alnyşy baradaky resminamanyň nusgasy (hususy telekeçi hökmünde hasaba alnan fiziki şahslar üçin) we onuň pasportynyň nusgasy.

Ygtyýarnama almak isleýän adam tarapyndan arzanyň ýanyna onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmek mümkinçiligini tassyklaýan başga resminamalar hem goşulýar. Bu resminamalaryň sanawy görnüşlere bolan talaplar we ygtyýarnamany almak isleýän adama bildirilýän beýleki talaplar bilen baglylykda ygtyýarnamany berýän edara tarapyndan kesgitlenýär. Ygtyýarnama berýän edaralar ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunda we düzgünnamada göz öňünde tutulmadyk resminamalary talap etmäge hukugy ýokdur.

Ädim 3. Ygtyýarnama bermek baradaky arza we oňa goşulýan resminamalar ygtyýarnama berýän edara gelen güni kabul edilen senesi bellenilip kabul edilýär. Arzanyň nusgasy kabul edilen gününiň senesi bilen ygtyýarnama aljak adama berilýär.

Ädim 4. Ygtyýarnama berýän edaralar arzanyň kabul edilenden ýigrimi (20) senenama gününiň dowamynda ondaky maglumatlaryň doludygyny we anykdygyny barlaýarlar, ygtyýarnama almak isleýän tarapyndan ygtyýarnamanyň kesgitlenen talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmek mümkinçiligini barlaýarlar, olaryň esasynda ygtyýarnama bermek ýa-da ýüz döndermek barada karar kabul edýärler.

Soňra karar kabul edilenden soň üç (3) iş gününiň dowamynda ygtyýarnama almak isleýäni ýazmaça görnüşde ygtyýarnamanyň berilýändigi ýa-da ygtyýarnama bermekden ýüz dönderilendigi barada sebäbini görkezip habardar edýärler. Ygtyýarnama bermek baradaky habar ygtyýarnama almak isleýäne bank hasabynyň rekwizitleri bilen we döwlet pajyny tölemegiň möhletleri bilen birlikde berilýär.

Ädim 5. Ygtyýarnama döwlet pajynyň tölenendigini tassyklaýan resminama görkezilenden soňra bäş (5) iş gününiň dowamynda berilýär. Döwlet pajy ygtyýarnama aljak adamyň özi ýa-da başga bir şahs tarapyndan tölenip bilner. Egerde 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda döwlet pajy tölenmese, ygtyýarnama beriji edara ygtyýarnama bermek baradaky kararyň güýjüni ýitiren diýip karar kabul edip bilýär.

Ýuridiki şahsyň ýa-da hususy telekeçiniň döwlet tarapyndan hasaba alynmazdan ygtyýarnama almagyna ýol berilmeýär. Hünär hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly işi amala aşyrmak kadadan çykmadyr. Bu halatda fiziki şahsyň hususy telekeçi hökmünde hasaba alynmagy talap edilmeýär.

Ýuridiki şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ady, hukuk salgysy ýa-da ygtyýarlylandyrylan işi hakykatda amala aşyrýan ýeriniň üýtgän halatynda, şeýle hem fiziki şahsyň familiýasy, ady, pasport maglumatlary, ýaşaýan ýeri ýa-da ygtyýarlylandyrylan işjeňligi hakykatda amala aşyrýan ýeriniň üýtgän ýagdaýynda ygtyýarnamany alan şahs ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek üçin hökman arza bermelidir.

Ygtyýarnama beriji edaralar olar ýa-da beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan ygtyýarnamanyň şertleriniň we talaplarynyň bozulan halatynda ygtyýarnamanyň hereket etmegini togtadyp bilerler. Şeýle bolan halatynda edara bu düzgün bozmalaryň düzedilmegi üçin 3 aýdan 6 aýa çenli möhlet bermelidir. Düzgün bozulmalar aradan aýrylandan soňra ygtyýarnamanyň eýesi ygtyýarnamany gaýtadan dikeltmek üçin arza tabşyrýar. Eger-de düzgün bozmalar düzedilmedik bolsa, ygtyýarnama ýatyrylyp bilner.

Ygtyýarnama şu aşakdaky ýagdaýlarda ýuridiki güýjüni ýitirýär:

– ygtyýarnamanyň möhleti gutaranda;
– ygtyýarnama ýatyrylanda;
– ygtyýarnamaly ýuridik şahs ýatyrylanda;
– ygtyýarnamaly fiziki şahs hususy telekeçi hökmünde işini bes eden ýa-da aradan çykan halatynda;
– kazyýet tarapyndan fiziki şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilende;
– ygtyýarnamalynyň arzasynyň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini möhletinden öň bes etmek hakynda ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan çözgüt kabul edilen mahalynda.

Işjeňligi ygtyýarnamasyz ýöretmegiň jogapkärçiligi

Eger-de şahs ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan bolsa, onda Türkmenistanyň administratiw hukuk bozmalar baradaky Kodeksine laýyklykda oňa alnan girdejini Türkmenistanyň merkezleşdirilen býujetine töletmek ýaly maliýe sanksiýasy ulanylýar. Eger-de serişdeler meýletin tölenmese, edara talapkär arzasy bilen kazyýete ýüz tutýar. Şu hili girdejiden tölenen salgytlaryň ölçegine baglylykda şu hili girdejiden töledilýän sanksiýanyň ölçegi hem kemelýär.

Eger-de barlaglaryň dowamynda girdeji we çykdajy hasabynyň ýöredilmändigi ýüze çykarylsa, onda gözegçilik ediji edara girdejiniň çak edilýän mukdaryny harytlary satmagyň bahalaýyn bahasyny ulanyp (işleriň, hyzmatlaryň), girdeji 25% ölçegde (söwda işi üçin – 8% haryt dolanyşygyndan) kesgitlenýär.

Ygtyýarlylandyrmak babatyndaky Döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine degişlidir, ygtyýarnama gözegçiligi bolsa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

ORIENT

Foto: Google

Şeýle hem okaň: