Iň täze habarlar

«Türkmenhowaýollary» pandemiýa sebäpli ýatyrylan uçuşlaryň biletleriniň möhletini kemeltdiler

16.01.2023 | 20:32 |
 «Türkmenhowaýollary» pandemiýa sebäpli ýatyrylan uçuşlaryň biletleriniň möhletini kemeltdiler

Türkmenhowaýollary pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçuşlarynyň biletleriniň möhletini gysgaltdylar. Indi olary 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli çalşyp bolýar – diýip, «Türkmenhowaýollarynda» ORIENT-e gürrüň berdiler.

Ozal 2020-nji ýylyň 20-nji martyna çenli satyn alnan biletleri 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli çalşyp bolýardy.

Uçar bileti gidilýän ýurda baglylykda täzesine çalşyp bolýar. Meselem, eger-de ýolagçynyň Aşgabatdan Sankt-Peterburga ýatyrylan uçara biledi bar bolsa, ol ony Aşgabatdan Moskwa ýa-da Kazana tölegsiz çalşyp bilýär.

Türkmenistanyň entek uçuşlary ýola goýmadyk ýurtlaryna biletleri çalyşmak mümkin däl. Şunda 1-nji martdan başlap, ähli ýolagçylaryň ozal satyn alnan biletlere tölenen pullaryny hiç hili tutumsyz yzyna gaýtaryp almaga mümkinçiligi bolar.

ORIENT habarlar

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: