
Aşgabatda 150-den gowrak türgenleriň gatnaşan ýeňil atletika boýunça gyşky çempionaty tamamlandy. Ýaryşlar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň ýeňil atletika toplumynda geçdi – diýip, “Neýtralny Turkmenistan” gazeti habar berýär.
Ýaryşyň maksatnamasyna 60, 400, 800, 1500 metr aralyga ylgamak, şeýle hem ýadro iteklemek, uzaklygyna we beýikligine bökmek girdi. Şunda hem zenanlaryň, şeýle hem erkekleriň arasynda ýaryşlar geçdi.
60 metr aralyga ylgamakda zenanlaryň arasynda birinji ýeri paýtagtymyzyň ýygyndysynyň agzasy, sport ussady Walentina Meredowa eýeledi. 400 metr aralyga ylgamakda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň sport klubynyň türgeni Olýona Hudaýbergenowa, 800 metr aralyga ylgamakda bolsa – Salina Bagtyýarowa birinjiligi eýelediler, 1500 metr aralyga ylgamakda bolsa “Aziýanyň çagalary” VII Halkara sport oýunlarynyň altyn we bürünç medallarynyň eýesi Sabina Kasymjanowa ýeňiji boldy.
Erkekleriň arasynda geçen ýaryşlarda 60 m aralyga ylgamakda ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň baýragyny alan Alişer Sadullaýew birinji ýeri eýeledi. 400 m aralyga ylgamakda Abdyrahman Nurgeldiýew, 800 m aralyga ylgamakda bolsa – Atajan Bagyýew ýeňiş gazandy. Iň uzak aralyga ylgamakda Perhat Annagylyjow ýeňiş gazandy.
Ýadro iteklemek boýunça zenanlaryň arasynda Irina Welihanowa, erkekleriň arasynda bolsa – Gurbannazar Kakajaýew ýeňiji boldy. Uzynlygyna we beýiklige bökmek boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda birinji ýeri degişlilikde Aziza Baltaýewa we Wioletta Kazaçanskaýa eýelediler. Erkekleriň arasynda uzynlygyna bökmekde Bagrat Gansanbekow, beýikligine bökmekde bolsa – Annaçary Atajumaýew ýeňiş gazandylar.
ORIENT habarlar
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm