Iň täze habarlar

TM CELL-iň müşderileri üçin täze internet bukjalary elýeterli boldy

09.12.2022 | 16:15 |
 TM CELL-iň müşderileri üçin täze internet bukjalary elýeterli boldy

5-nji dekabrdan başlap, «Altyn Asyr» öýjükli operatorynyň ähli müşderileri üçin täze internet bukjalary elýeterli boldy.

Indi 10 manada 250 MB tizlikli (Internet–10 Internet bukjasy), 60 manada – 1,5 GB (Internet-60), 200 manada – 20 GB (Internet-200) satyn alyp bilersiňiz.

Deňeşdirmek üçin öň 10 GB göwrümli bukjanyň bahasy 350 manatdy. Şeýlelik bilen, täze 20 GB internet bukjasy öňki iň ýokary tizlikli bukjadan 150 manat we goşmaça 10 GB amatly bolýar.

Täze internet bukjalaryny işjeňleşdirmek üçin müşderi USSD buýruklaryny aýlamaly:

– Internet-10: 085010#
– Internet-60: 085060#
– Internet-200: 0850200#

Internet bukjanyň hereket edýän möhleti 30 gün.

ORIENT news
Surat: tmcell.tm

Şeýle hem okaň: