Türkmen Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda aýlyk zähmet haklaryny we beýleki tölegleri 10 göterim ýokarlandyrmak meselesine täzeden garamagyň zerurdygyny nygtady.
Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleri boýunça TDH agentligi habar berýär.
«Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?» - diýip, Döwlet habarlar agentligi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine salgylanýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adamlar hakynda alada etmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň netijesinde munuň üçin serişdeleriň hem ýeterlikdigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy aýlyk zähmet hakyny ýokarlandyrmak barada meselä seredilende, ilkinji nobatda, ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan ugur alnyp, şoňa laýyklykda 2023-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet hakyny 2506,3 manada çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýandygyny nygtady.
ORIENT news
Surat: sysclick.ru
