The Walt Disney Company-nyň wekili – Merkezi we Gündogar Ýewropa, GDA ýurtlar boýunça baş media direktory Kahaber Abaşidze Türkmenistanyň teleradio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de DIM-niň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
Gepleşikler sişenbe güni wideo görnüşde türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi. Abaşidze media ulgamynda halk köpçüligine dynç alyş mazmunly dürli-dürli şekilli önümleri öndürmekde iň iri kompaniýalaryň biriniň işi, operasion mümkinçilikleri, önümçilik tapgyrlary we iň öňde baryjy brendleri -- Disney, Pixar, Marvel, 20th century studios bilen tanyşdyrdy.

Tanyşdyryş duşuşygynyň çäklerinde taraplar bu media-holdingiň golçur kärhanasy bolup durýan National Geographic teleýaýlymynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Hususan-da, Türkmenistan barada belli bir ugurlar boýunça kontenti çykarmak üçin NatGeo media meýdançasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Türkmen tebigaty barada wideo şekilleri bilelikde surata düşürmegiň geljegi hem maslahatlaşyldy.
ORIENT news
