Iň täze habarlar

Ýer titrän mahaly näme etmeli: janyňyzy halas edip biljek ýönekeý düzgünler

17.10.2022 | 19:55 |
 Ýer titrän mahaly näme etmeli: janyňyzy halas edip biljek ýönekeý düzgünler

Ýer titremesi özüniň giň ýaýraýyş gerimi we möçberi bilen gorky döredýän iň «ähtiýalan» hem aýylganç tebigy betbagtçylykdyr. Sunamiler, suw joşmalary, ýer süýşmeleri, taýfunlar belli bir derejede çak edilip bilinýän bolsa, ýer titremeleriniň weýran ediji we ölüm howply netijeleriniň öňüni almak diňe ýer gabynyň duýdansyz sarsgynlary wagtynda özüni alyp barmagyň düzgünlerine eýermeklige bagly bolup durýar.

Bu ýönekeý düzgünler adamyň betbagtçylyk mahaly halas bolmagyna azda-kände umyt döredýär, çünki ýer titrände aşagynda gizlenip boljak stolunyň ägirt uly ymaratyň döwlüp gopan bölekleri üstüne gaçanda belli bir derejede «galkan» bolup biljekdigi ýa-da binanyň direginiň şol gaçýan böleklerden gorag bolup biljekdigi gümansyzdyr.

Что делать при землетрясении: простые правила, которые могут спасти жизни

Ýer titremeleriniň ýaramaz täsirini aradan aýyrmak üçin, ilkinji nobatda, aşakdaky möhüm düzgünleri ýatda saklamaly:

— Berk bir zatdan ýapyşyp, boýnuňy we kelläňi eliň bilen ýapyp, ýygşyrylyp ýatmaly. Penjireden birneme uzak aralykda stoluň aşagynda gizlenilse gowy bolar.
— Esasy «göteriji» diwarlaryň ýokarysyndaky ýerleri saýlamaly, sebäbi olar binanyň «binagärlik skeletiniň» diýlip atlandyrylýan düzüm bölegi bolup durýar we onuň weýran bolmak ähtimallygy pesdir.
— Awtoulag sürüjileri ulagy el tormozynda goýmaly we derrew ondan çykmaly, köçede bolsa binalara ýakynlaşmajak bolmaly.
— Ýer titremesi gutarandan soň, dessine açyk meýdançada howpsuz ýer tapmaly, çünki ýer titremeleriniň gaýtalanmagy gaty ahmaldyr.
— Ýerli häkimiýetleriň we gaýragoýulmasyz ýagdaýda betbagtçylyk bolan ýere gelen halas ediş toparlarynyň ähli görkezmeleri berjaý edilmelidir.

Şu ýönekeý düzgünler, şeýle-de pähim-paýhaslylyk tebigy betbagtçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolan uly şäherleriň ýaşaýjylarynyň janyny halas edip biler. Seýsmiki işjeň sebitlerde ýaşaýan adamlar üçin mebelleri diwarlara berkitmek, öýüň aýna bilen bezemekden saklanmak ýa-da ondan çäklenmek maslahat berilýär, şeýle hem ýakynlaryňyz bilen aragatnaşykda bolmagyň möhümdigini ýadyňyzdan çykarmak.

Ençeme asyrlaryň dowamynda ýer titremesi iň bir çaklanyp bolmaýan hadysa hasaplanýar: bir tarapdan, onuň ýüze çykmagy howa şertleriniň üýtgemegine bagly däl, beýleki tarapdan, hatda seýsmiki taýdan iň howpsuz sebitlerde-de bolup biler. Bu hakykat, ýer titremesinden hiç kimiň goragly däldigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Что делать при землетрясении: простые правила, которые могут спасти жизни

6-njy oktýabr gijesinde bolup geçen 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesi dürli çaklamalara görä takmynan 170 müň adamyň ömür tanapynyň üzülmegine sebäp bolupdyr. Şäher tutuşlygyna diýen ýaly weýran bolupdy, diňe şol hadysa barada şäheriň nyşanyna öwrülen Aşgabat dokma kombinatynyň diňi şol betbagtçylykdan galan ýadygärlik hökmünde az-kände ýykylman galypdy.

Pidalaryň sanynyň köplügi parahat ýatan ilat üçin betbagtçylygyň duýdansyz bolmagy we aljyraňňylyga düşülmegi bilen düşündirilýär, olaryň köpüsi uklap ýatyrdy we nämeleriň bolup geçendigine aňlamaga wagt bolmandy. Ýyllaryň dowamynda gurlan zatlar bir gijede weýran bolupdy.

Häzirki zaman tehnologiýalary daglyk seýsmiki taýdan işjeň sebitleriň ýaşaýjylary üçin bu howpdan gutulmaga kömek edýär: seýsmiki tolkunlary we olaryň täsirini basýan belent binalaryň dizaýny, hatda magnitudasy 8 balldan ýokary bolan sarsgynlara durnukly saklanmagyna kömek edýär.

ORIENT
Surat: unsplash.com

Şeýle hem okaň: