Russiýa maýmyn mama keselini ýüze çykarmak üçin GDA ýurtlarynyň birnäçesine test-ulgamlaryny berdi. Bu barada Russiýanyň sarp edijileriň hukuklaryny goraýan gözegçilik edarasynyň Russiýanyň sarp edijileriň hukuklaryny goraýan gözegçilik edarasynyň metbugat-gullugyna salgylanyp, Praým agentligi habar berýär.
“Test-ulgamlary Russiýanyň sarp edijileriň hukuklaryny goraýan gözegçilik edarasy tarapyndan Ermenistana, Gazagystana, Özbegistana we Türkmenistana berildi” diýlip, habarda aýdylýar.
Anyklanylyşy ýaly, testler “Wektor” ylmy merkezi tarapyndan dessin tertipde taýýarlanyldy. Häzir synag işleri Russiýanyň raýatlaryna ýurduň ähli sebitlerinde elýeterlidir.
Iýul aýynyň ahyryna çenli Russiýa testleri, şeýle hem Uganda, Efiopiýa hem-de Kongo Respublikasyna berer diýip, edarada habar berdiler.
Ozal BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhan Gebreýesus maýmyn mama keseliniň ýaýramagyna saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý hökmünde baha berdi.
Russiýada maýmyn mamasynyň ilkinji duşan ýagdaýy 12-nji iýulda ýüze çykaryldy. Keselleme Ýewropadan dolanyp gelen bir ýaş adamda anyklanyldy. Russiýanyň sarp edijileriň hukuklaryny goraýan gözegçilik edarasynyň maglumatlaryna görä, Russiýada maýmyn mama keseliniň ýaýramak mümkinçiliginiň öňi alnandyr, ilkinji kesellän russiýaly raýat bilen gatnaşyk edenleriň ählisi lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar.
Mundan başga-da, edarada adaty mama keseliniň garşysyna ozal alnan sanjymlaryň maýmyn mama keseliniň agyr geçmeginiň töwekgelçiliklerini peseldýändigini habar berdiler.
ORIENT news
