Aşgabatda 17-18-nji aprel aralygynda “FinFest Turkmenistan 2026” atly ikinji maliýe hyzmatlary festiwaly geçiriler. Bu çäre bank pudagynyň, maliýe kompaniýalarynyň, IT-senagatynyň wekillerini, ekseprtleri we telekeçileri birleşdirer.
Çäre “Arkaç” işewürlik merkezindäki “Iş nokady”-nda geçirilip, maliýe bazarynyň döwrebap ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler.
Festiwalyň maksatnamasyna sanly maliýe serişdelerine, bank pudagyna, maýa goýumlara, ESG we beýleki möhüm ugurlara bagyşlanan panel maslahatlaşmalar girer. Gatnaşyjylar kompaniýalaryň önümleriniň we çözgütleriniň görkeziljek sergisine baryp, ekspertlere sorag berip hem-de amaly maslahatlary alyp bilerler. Networkinge we hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns beriler. Mundan başga-da, festiwalyň meýdançasynda maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen interaktiw zolaklar hem ýerleşdiriler.
Guramaçylaryň bellemegine görä, “FinFest Turkmenistan” diňe bir işewürlik wakasy hökmünde däl, eýsem ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmek we maliýe medeniýetini ýokarlandyrmak üçin platforma hökmünde hem çykyş edýär. Festiwal telekeçilere, maliýe pudagynyň hünärmenlerine, talyplara we maliýe ulgamy babatda bilimlerini giňeltmekde gyzyklanýanlaryň ählisine niýetlenendir.
Çärä hasaba alnyşyk eýýäm festiwalyň resmi web-saýtynda açyk: https://finfest-tm.com Ýerler çäklidir.
