57 günüň deregine 108 günläp iş gözlemek, tejribeli hünärmenler bilen bäsdeşlik, awtomatlaşdyrma gorkusy we maslahat: «Emeli aň gurallaryny ulanmagy öwreniň»
“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, ABŞ-da iş gözleýänler barha näbelli we bäsdeşlikli bazar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Emeli aňyň ösmegi başlangyç wezipelere işe kabul edilmek ulgamyny düýpgöter üýtgedýär.
San-Fransiskodaky «Chase Center» arenasynyň ýanynda sport we güýmenje senagaty üçin guralan tölegli iş ýarmarkasyna uzyn nobatlar emele geldi. Bu ýagdaý häzirki ykdysady şertlerde bäsdeşligiň örän ýitidigini görkezýär.
Iş gözleýän Leýla Dessuki şeýle diýdi: «Häzirki wagtda kyn. Bu örän agyr. Men eýýäm dokuz aý bäri iş gözleýärin. Emeli aň meni, aýratyn-da başlangyç wezipä dalaşgär hökmünde biçak aladalandyrýar. Adamlaryň geljekde has ýokary wezipeleri eýelemekleri üçin, bize ilki şu başlangyç orunlar gerek».
«Huntr» saýtynyň maglumatlary bu gorkulary tassyklaýar. Iş gözläp başlamandan ilkinji iş teklibini alýança sarp edilýän ortaça wagt takmynan iki esse artdy — 57 günden 108 güne çenli uzady.
«Huntr» kompaniýasynyň karýera strategiýasy bölüminiň ýolbaşçysy Sem Raýt şeýle düşündirdi: «Siz işini ýitiren orta derejeli hünärmen bilen bäsleşmeli bolup bilersiňiz. Bäsdeşlik has-da güýçlendi we bu ýagdaý adamlary has köp tagalla etmäge mejbur edýär. Tehnologiýalaryň netijesinde bu iş has-da ýeňilleşýär, şonuň üçin täze işe başlaýan hünärmenler üçin emeli aň gurallaryny ulanmaga öwrenişmek örän möhümdir».
Golaýda okuwy tamalan Maýlz Hiki tehnologiýalara uýgunlaşmagyň peýdalydygyna ynanýar: «Tehnologiýa bilen utgaşmak we ony başgalar üçin, aýratyn-da, tehnologiýalary ösdürmegi dowam etdirýän ýaş nesiller üçin elýeterli etmek — bu 100 göterim kömek edýär».
Talyp we sport žurnalistikasynyň muşdagy Anuşa Nejad öz ukyplaryny görkezmek üçin TikTok we Instagram platformalaryny ulanýar. Ol «Emeli aň käbir işleri bölekleýin ýerine ýetirip biljekdigi dogry. Emma sport pudagynda beýle däl. Emeli aň mediany we surata düşürmek sungatyny çalyşyp bilmez» — diýip ynamly belleýär.
NVIDIA-nyň ýolbaşçysy Jenşen Huang emeli aň döwrüni elektrikçiler we santehnikler ýaly hünärler üçin «altyn döwür» diýip atlandyrdy. Emma Sem Raýt duýdurýar: «Işçi hünärleri örän gymmatly, ýöne olaryň sany çäklidir. Ykdysadyýetdäki her bir adam santehnik bolup bilmez».
Raýt, şeýle hem, ilatyň ýaşynyň ulanmagy sebäpli saglygy goraýyş pudagynyň durnukly galýandygyny belledi. IT pudagynyň käbir hünärmenleri hatda şepagat uýasy bolmak üçin täzeden okuwa girýärler.
«Goldman Sachs» tarapyndan geçirilen barlaglar emeli aň ABŞ-da eýýäm her aýda takmynan 16 000 iş ornunyň gysgalmagyna sebäp bolýandygyny görkezýär, munda esasy agram ýaşlaryň gerdenine düşýär. Täze işe başlaýan hünärmenler bilen tejribeli işgärleriň arasyndaky işsizlik derejesiniň tapawudy ep-esli artdy.
Şol bir wagtda Ýewropada ýagdaý düýbünden başgaça: Ýewropanyň Merkezi banky emeli aňyň häzirlikçe iş üpjünçiligine düýpli täsir etmeýändigi, hatda emeli aňy işjeň ulanýan kompaniýalaryň täze işgärleri has ýygy-ýygydan işe alýandygy baradaky netijä geldi. Emma hünärmenler uzak möhletleýin täsiriň näbelliligine galýandygyny duýdurýarlar.
Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde kompaniýalaryň 74%-i eýýäm emeli aň programmalaryny ornaşdyrdy ýa-da synagdan geçirýär, emma olaryň diňe 21%-i bu ugurda ökde hünärmenleri işe almaga we saklap galmaga bolan ukyplaryna ynamlydyr. Bütin dünýäde guramalaryň üçden iki bölegi ýakyn üç ýylyň içinde başlangyç derejeli wezipeler üçin işe almagyň haýallamagyna garaşýarlar. Halkara Zähmet Guramasy 2027-nji ýyla çenli ählumumy zähmet wagtynyň ýitgisiniň 38 million iş ornuna deň boljakdygyny, zähmet girdejileriniň bolsa 3 trillion dollar azalyp biljekdigini çaklaýar.
Zähmet bazary üýtgeýär. Emeli aňdan gorkmak hakykatdyr. Ýöne munuň diňe bir çykalgasy bar — uýgunlaşmak. Okuwy tamalan ýaşlar diňe bir robotlar bilen däl, eýsem işini ýitiren has tejribeli kärdeşleri bilen hem bäsleşýärler. Iş gözleg wagty tas iki esse uzaldy. Emeli aň gurallaryny ulanmagy başarmaýanlary bazar ret edýär. Mesele emeli aňyň adamyň ornuny tutup-tutmazlygynda däl. Ol tutar, ýöne hemme ýerde däl. Esasy mesele — adamyň näderejede çalt täzeden okap we öwrenip biljekdiginde. Käbirleri dowula düşýän bolsa, başgalary TikTok-gy özleşdirýärler ýa-da şepagat uýasy bolýarlar. Üçünjiler bolsa emeli aňyň surat düşürmäni we sporty ýeňip bilmejekdigine ynanýarlar. Her kimiň öz ýoly bar.
Emma umumy bir zat bar: indi bir ýerde durmak mümkin däl. Işiň geljegi eýýäm geldi — ol dünýäniň dürli künjeklerinde dürliçe bolup biler, ýöne uýgunlaşmak talaby ähli ýerde birmeňzeşdir.