Duşenbe güni Russiýa içeri bazary ýangyç bilen üpjün etmek maksady bilen awiasiýa ýangyjynyň eksportyna alty aýlyk gadagançylyk yglan etdi. Russiýanyň hökümetiniň beýanatynda gadagançylygyň duşenbe güni, 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy noýabryna çenli güýjünde boljakdygy aýdylýar.
Kararyň maksady — içeri ýangyç bazarynda durnuklylygy üpjün etmekdir diýlip, beýanatda bellenilýär. Gadagançylyk biržada satyn alnan ýangyja hem degişlidir.
Uçarlaryň ýol ugrunda ulanýan tehnologik rezerwuarlaryndaky ýangyç, wagtlaýyn çäklendirme güýje girmänkä gümrük resmileşdirilmesinden geçen awiasiýa ýangyjynyň tapgyrlary, şeýle hem hökümetara ylalaşyklary esasyndaky ibermeler bu gadagançylyga girmeýär.
Maglumat üçin: Awiasiýa ýangyjy (kerosin) uçarlaryň reaktiw hereketlendirijileri üçin ýangyjyň esasy görnüşidir. Onuň eksportynyň gadagan edilmegi, aýratyn hem gatnawlaryň iň gyzgalaňly möwsüminde, Russiýanyň içeri bazarynda gytçylygyň we bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir.