Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny giňeltmek maksady bilen, Eýran arkaly beýleki ýurtlara tebigy gazyñ üstaşyr geçirilýän möçberini artdyryp biler. Bu barada duşenbe güni Tähranda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi
Eýran bilen Türkmenistanyň bilelikdäki söwda edarasynyñ başlygy iki ýurduň özara söwda möçberini 30% artdyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynda eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan ilkinji sergisinden soňra habar berildi
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Senagat syýasaty baradaky Geňeşiniň XI mejlisi we Merkezi Aziýa döwletleriniň senagat ministrleriniň ilkinji Konsultatiw duşuşygy 4-nji iýunda Duşenbe şäherinde geçiriler
Türkmenistanyň azyk senagatynyň önümleri 2025-nji ýylyň 13-16-njy maýy aralygynda Bakuda geçirilen Hazar sebiti boýunça azyk, içgi önümleri we olaryň önümçiligi üçin çig mal boýunça 30-njy halkara sergisi “InterFood Azerbaijan-2025” atly sergide görkezildi
Türkmenistany dünýä söwda ulgamyna goşmak işiniň möhüm tarapyna bagyşlanan iki günlük seminar geçirildi. Onda Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulandan soň nyrh ýeňillikleri barada gepleşik geçirildi
10-njy maýda Aşgabatda Arassa Nusga we Lotta Business Group tarapyndan ÝTÖB-iň goldawy bilen guralan “Kadaly işewürlik" forumy geçirildi. Çäre söwda, paýlaýyş, önümçilik we hyzmat ugurlarynyň wekillerini ýygnady.
«Türkmengeologiýa» Döwlet konserniniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleriniň nobatdaky üstünligi — Goturdepe käniniň günbatar böleginde burawlan 1907 belgili gözleg guýusyndan senagat möçberinde nebit akymynyň alynmagy boldy