Türkmen küştçisi Leýla Şöhradowa, 4-nji tapgyra gatnaşanyndan soň, 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda dünýä çempionatynda 1-2 orny paýlaşýar. Leýla, ýaryşyň başyndan şu wagta çenli oýnan 4 oýnunyň hemmesinde ýeňiş gazandy we Elo reýtingini 100 utuk ýokarlandyrmagy başardy. Dördünji tapgyrdan soň Leýlanyň reýting görkezijisi 2650 bal görkezýär diýip, Türkmenistan Küşt federasiýasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Halkara birleşigi tarapyndan öňe sürlen we Türkmenistan tarapyndan goldanylan Kuraş sporty boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 50 ýurdundan 240-dan gowrak türgen Aşgabat şäherine geler.
Ewander Holifild, Hulio Sezar Çawes, Konstantin Szýu, Amir Han, Aleksandr Usik ýaly dünýäniň boks sportunyň ýyldyzlary Bütindünýä Boks geňeşiniň (WBC) döredilmeginiň 60 ýyllyk ýubileýini bellemek üçin özbek paýtagty Daşkende gelerler.
Türkmen küştçüleri 14, 16 we 18 ýaş derejesindäki oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Ol 13-25-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçirilýär.
Birnäçe hüjümlerden soň, oýnuň 81-nji minutynda “Ahalyň” oýunçysy Alibek Abdyrahmanow gol geçirdi. Ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýöne, “Pahtakor” boýun egmek islemedi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda awiaenjamlar boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Goranmak ministrliginiň Awiasiýa kluby tarapyndan guralan bäsleşige Türkmenistanyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar.