“Ak şäherim Aşgabat” – gelejek üçin köpugurly mümkinçilik
Çarşenbe güni paýtagtymyzda açylan “Ak şäherim Aşgabat” sergisi “köpugurly” derejesine eýe bolmagy tötänden däldir. Onda şäheriň meýilleşdirilmegine we ösüşine degişli hemme zat: ýaşaýyş jaýlarynyň we ýollaryň nämelerden gurulýandygyna hem-de olaryň neneňsi enjamlaşdyrylýandygyna, durmuş we gurşaw babatda ýaşaýyş üçin amatly ýagdaýlaryň nädip döredilýändigine degişli ähli zatlar görkezilýär.