14 sany täze buldozerler we ekskawatorlar Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda «Altyn Asyr» türkmen kölünde suw hojalyk işlerini geçirmek üçin tehnika parkynyň üstüni ýetirdiler – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Begmyrat Ataýewiň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we sosial komissiýanyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde howanyň üýtgemeginiň meseleleriniň maslahatlaşylmagyna gatnaşýar.
Gurakçylygy integrirlenen dolandyrmagyň meseleleri «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirmegiň milli ilerlemeleriniň ösdürilmegi» taslamasyny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparynyň mejlisiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Ýaşyl howa gaznasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Türkmenistan bilen Aral deňziniň sebiti ýurtlarynyň arasynda serhetüsti suw hyzmatdaşlygynyň meseleleri Türkmenabatda bolup geçen suw diplomatiýasy boýunça milli seminaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň daşky gurşawy goramak departamenti Hazar düwlenlerini we akulalary goramak boýunça maksatnamany işläp düzýär – diýip, Tehran Times habar berýär.
Penşenbe güni, Aşgabatda DÖM-nyň ýaş ilçileri, şeýle hem UNISEF-iň we Fransiýanyň Bouygues Turkmen kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan her ýyl 22-nji aprelde bellenilýän Halkara Ýer Gününiň öňüsyrasynda daşky gurşaw boýunça çäre geçirildi. Carbon Co-Working okuw merkeziniň çäginde, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 17 nyşany hökmünde 17 agaç nahallaryny ekdiler.
BMG-niň Türkmenistandaky ösüş maksatnamasynyň guramagynda A.S. Puşkin adyndaky türkmen-russiýa umumybilim berýän mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi, onuň dowamynda okuwçylar howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak baradaky meseleler bilen tanyşdyryldy.
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Bouygues-Turkmen kompaniýasy meşhur režissýor we tebigaty öwreniji alym Dewid Attenboronyň «Biziň planetamyzdaky ýaşaýyş» filminiň görkezilişini 22-nji aprelde bilelikde guraýarlar – diýip, britan diplomatik wekilhanasy habar berýär.