Samsung

Medeniýet

19.10.2024 20:30
684
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň «Türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meseleleri» atly ylmy we okuw-usuly maslahaty geçirildi.
18.10.2024 23:00
508
Şu gün Aşgabat Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy üçin ajaýyp sahna boldy. Bu waka diňe bir sungat baýramçylygy bolman, çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy.
18.10.2024 17:35
477
17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) utgaşdyrmagynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspiý deňiz we derýa ulaglary instituty bilen Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň bilelikde guramagynda institutda akyldar şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanylan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi.
17.10.2024 20:00
447
17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň guramagynda Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň agzalary hem gatnaşdylar.
17.10.2024 14:30
417
Oktýabr aýynyň 14-18-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Sungat we dünýä” ady bilen Häzirkizaman sungatynyň X Halkara sergisi geçirilýär
17.10.2024 02:05
470
16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli “Ak Bugdaý” muzeýinde iki sany meşhur arheologyň – Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň 95 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy” atly halkara ylmy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen we rus alymlary, hem-de olaryň beýleki ýurtlardan kärdeşleri gatnaşdy.
16.10.2024 23:35
317
16-njy oktýabr, çarşenbe güni Aşgabadyň esasy konsert meýdançalaryň biri bolan Mukamlar köşgünde Russiýanyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky Ilçisi Iwan Wolynkin çykyş etdi.
15.10.2024 23:50
570
Türkmenistanyň «Türkmen döwlet neşirýat gullugy» tarapyndan çagalar sazçylyk we sungat mekdepleri üçin «Gitara» okuw kitaby neşir edildi. Eziz Diýarymyzda bu okuwçylaryň we çeper höwesjeňleriň arasynda uly meşhurlyk gazanan nusgawy gitara boýunça çap edilen ilkinji okuw kitabydyr.
13.10.2024 19:37
455
18-nji oktýabrda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Güýz wals tansynda aýlanýar” atly konsert geçiriler, oňa ýurdumuzyň tanymal artistleri we entek diňe ussatlaryň we saz söýüjileriň kiçi toparyna mälim bolan ýaş sazandalar gatnaşar.
12.10.2024 13:15
532
1-nji oktýabrda Aşgabatda şäherinde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyna gatnaşyjylar “Magtymguly Pyragynyň ensiklopediýalaryny” neşir etmegiň mümkinçiligini işjeň öwrenmek üçin uly mümkinçilikleri bellediler.