Uçuşlaryň netijesinde kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, NASA we Boeing ekologiýa taýdan arassa X-66 uçaryny işläp taýýarlamak üçin tagallaryny birleşdirýär.
Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.
BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda “Zenan alymlar: howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde öňdebaryjylar” ady bilen akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi.
“Toyota” kompaniýasy daşky gurşawdaky kömürturşy gazy özüne sorup alýan ýörite süzgüçleri synagdan geçirýär. Bu süzgüçler “Toyota GR Corolla” ulagynyň täze kysymynyň öňki böleginde ýerleşdiriler.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda “ýaşyl” oýunlary gurar.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ýaponiýa degişli Kuma atly tropiki adanyň töwereginde Ýuwaş ummanynyň suwuna çümüjiler bu çäkde täsin deňiz jandarynyň ýaşaýandygyna üns berdiler.