

Türkmen küştçüleri dünýä Kubogyna çykmak üçin göreşerler
Türkmen küştçüleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda küşt boýunça dünýä Kubogynyň final tapgyryna çykmak üçin zonal ýaryşa gatnaşýarlar.


Türkmen küştçüleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda küşt boýunça dünýä Kubogynyň final tapgyryna çykmak üçin zonal ýaryşa gatnaşýarlar.


Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň topary 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Merkezi Aziýanyň birinjiligine taýýarlanmak maksady bilen Daşkentde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdi.


5-nji iýundan 9-njy iýuna çenli Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýanyň birinjiligi geçiriler.


Ženewada (Şweýsariýa) geçýän 76-njy Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň barşynda BSGG-nyň baş direktory Tedros Gebreýesus we FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 4-nji oktýabrda güýje giren özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy uzaltmagy ylalaşdylar. Resminama ýene-de 4 ýyla uzaldyldy.


Stambul UEFA-nyň çempionlarynyň Ligasynyň «Mançester Siti» bilen «Inter» toparlarynyň arasyndaky final oýnuň başlanjak wagtynyň hasabyny ýöredýär, ol 10-njy iýunda Atatürk adyndaky olimpiýa stadionynda geçiriler.


Kuala-Lumpurda Ýaşlar Aziýa-2024 kubogynyň saýlama tapgyry üçin bije atyldy. Türkmenistanyň Olimpiýa topary (U-23) Indoneziýa bilen Taýwanyň bäsdeşi boljak K toparyna girdi diýip, ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Erkin we grek-rim görnüşi boýunça türkmen pälwanlary 25-30-njy maý aralygynda Buharestde (Rumyniýa) geçiriljek «Dumitru Pirvulescu & Vasile Iorga-2023» halkara ýaşlar ýaryşyna gatnaşarlar.


Aşgabatda, Gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň buz meýdançasynda, 2008-nji ýylda doglan we ondan kiçi garyşyk jübütleriň arasynda Türkmenistanyň Kýorling federasiýasynyň ilkinji açyk kubogy geçirildi.


Türkmen türgenleri 4-nji awgustdan 14-nji awgusta çenli boljak GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda birbada dokuz görnüşde ýurdumyza wekilçilik ederler.


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli Daşkentde (Özbegistan) we Bişkekde (Gyrgyzystan) geçjek CAFA Nations Cup 2023 toparlaýyn tapgyrynyň çäklerindäki oýunlarynyň rejenamasy mälim boldy.


Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy biziň ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport çäreleriniň birnäçesini geçirer.


Özbegistanyň Jizak şäherinde Göreşiň birleşen dünýäsiniň birleşiginiň (UWW) howandarlygynda guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçýär. Bu barada Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.


Türkmen kikboksçylary Türkiýede tamamlanan dünýä Kubogynda dokuz medal — bir altyn, iki kümüş we alty bürünç medal gazandylar.


Maryda ýetginjekleriň we gyzlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy, ol ýurduň ähli welaýatlaryndan 150-ä golaý türgeni ýygnady.


Türkmen dzýudoçylary 25-nji maýdan 27-nji maý aralygynda Lensede geçjek Awstriýanyň Gran-prisine gatnaşarlar.