

HOK Halkara olimpiýa gününde aýratyn türgenleşik geçirer
Her ýylyň 23-nji iýunynda bellenip geçilýän Halkara olimpiýa gününe bagyşlap Halkara olimpiýa komiteti (HOK) ähli isleg bildirýänleri gyzykly 30 minutlyk aýratyn türgenleşige çagyrýar.


Her ýylyň 23-nji iýunynda bellenip geçilýän Halkara olimpiýa gününe bagyşlap Halkara olimpiýa komiteti (HOK) ähli isleg bildirýänleri gyzykly 30 minutlyk aýratyn türgenleşige çagyrýar.


Kuraş göreşiň halkara birleşmesi IKA Registration System atly täze ulgamy işläp taýýarlaýar, ol birleşmäniň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlara onlaýn hasaba alynmaga mümkinçilik berer. Bu barada Kuraş göreşiň halkara birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär.


5 - 11-nji iýunda Astana şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň arasynda türkmen türgenleri jemi 26 medal gazandylar. Olaryň 3-si altyn, 7-si kümüş, 16-sy hem bürünç medallardyr. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti "ORIENT-e" habar berdi.


Bahreýn Patyşalygy 2024-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä Çempionatyny geçirmäge hukuk aldy. Bahreýn bilen birlikde, Ermenistan we Albaniýa Çempionaty geçirmäge dalaşgär ýurtlar hökmünde çykyş edipdiler.


Özbegistanda we Gyrgyzystanda Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň “CAFA Nations Cup-2023” futbol Çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji aýlawynyň oýunlary geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndysy özüniň ilkinji duuşygyny Täjigistanyň futbol toparyna garşy geçirdi. Daşkent şäherinde geçirilen oýun deňme-deň, 1:1 hasabynda tamamlandy.


Ýekşenbe güni, Batumide (Gruziýa) kadetleriň, oglanlaryň we gyzlaryň, ýagny 8 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýaş kategoriýalarynda arasynda dünýä çempionatynyň çäginde ikinji ýaryş tamamlandy. Bu ýaryş "blits" düzgünleri bilen geçirilip, oýunçylara her göçüm üçin 2 sekunt goşmak bilen 3 minut bölünip berildi.


Türkmenistanyň bilýard boýunça milli ýygyndysy 12-17-nji iýunda Surgutda geçiriljek bilýard sporty boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler.


Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy göreş boýunça Bişkekde (Gyrgyzystan) 10-njy iýunda başlanjak Aziýanyň çempionatyna gatnaşar.


Türkemenistanyň ýaş tennisçileri taryhda ilkinji gezek 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda kümüş medal gazandylar.


2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasy Gresiýanyň Olimpiýasynda indiki ýylyň 16-njy aprelinde — ýaryşlaryň Fransiýanyň paýtagtynda açylmagyna 101 gün galanda ýakylar. Bu barada olimpiýa habarlarynyň saýty Insidethegames habar berýär.


Anna güni, 8-nji iýunda, Gruziýanyň Batumi şäherinde tamamlanan «çalt» küşt boýunça dünýä çempionatynda 16 ýaşa ýetmedik gyzlar kategoriýasynda Lebap welaýatyndan mekdep okuwçysy Leýla Şöhradowa üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň arasynda FIDE ussat kandidaty ady bilen Leýla mümkin bolan 11 nutukdan 8 nutuk toplap, ýeňiji Aleksandr Şwedowadan (Russiýa) bary-ýogy bir nutuk, kümüş medal gazanan Kseniýa Normandan (Belarus) ýarym nutuk yzda galdy.


Türkmen türgenleri sekizinji iýunda Gawanada (Kubada) başlanjak Agyr atletikanyň halkara federasiýasynyň (IWF) Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar.


Türkmenistanyň milli ýygyndysy, 5-nji iýunda Aşgabatda başlanan 12 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynyň dördünji tapgyrynda Özbegistanyň toparyny ýeňdi.


Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda Merkezi Aziýa tennis çempionatynyň (U-12) üçünji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy.


Ýaş türkmen çempiony Batumide (Gruziýa) geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda ilkinji oýunlary oýnady. Türkmenistanyň iň oňat 12 küştçisi (6 gyz we 6 oglan) 8 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýaş kategoriýalaryna gatnaşýar. Bäsleşik, «çalt» wagt gözegçiligi düzgüni bilen geçirilýär, ýagny onda her oýunça her hereket üçin 10 sekunt goşmak bilen 15 minut berilýär.